Owgan prezidenti Aşraf Gani ýurduň milli howpsuzlyk geňeşçisi işden çekilip, ýerine başga adam bellenenden soň, öz kabinetiniň üç sany uly howpsuzlyk resmisiniň işden çekilmek barada beren arzasyny yzyna gaýtardy diýip, onuň edarasy aýtdy.
26-njy awgustdaky beýanatda Ganiniň goranmak ministri Raik Şah Bahrami, içeri işler ministri Wais Barmak, milli howpsuzlyk müdiriýetiniň başlygy Masoom Stanekzai dagydan öz wezipelerinde galmaklaryny we “howpsuzlyk ýagdaýyny gowulaşdyrmak ugrunda işlemeklerini” sorandygy aýdylýar.
Ganiniň sözçüsi 25-nji awgustda AÝ/AR-nyň soragyna jogap berip, prezidentiň öz milli howpsuzlyk geňeşçisi Mohammad Hanif Atmaryň işden çekilmek baradaky arzasyny kabul edendigini we onuň ýerine ozal ABŞ-da ilçi bolan Hamdullah Mohibi belländigini tassyk etdi.
Şondan birnaçe sagat soň metbugatda Bahrami, Barmak we Stanekzai dagynyň hem işden çekilendigi barada habar berildi.
"Roýters" habar gullugynyň maglumatyna görä, bu resmiler özleriniň beýle karara gelmekleriniň sebäbini howpsuzlyk ýagdaýy barada hökümetden başgaça pikirlenýändikleri bilen düşündiripdirler.