Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Awazadaky dynç alyşyň gyzgalaňly pasly: bahalar galdy, paranyň möçberi artdy


Türkmenbaşy şäheri

Deňiz ýakasyndaky Awaza syýahat zolagynda şu tomsuň aýagynda dynç alýanlaryň sany ozalkysyndan has köp boldy. Iýun aýynda bu ýerdäki myhmanhanalar ýarym boş durupdy, emma iýul - awgust aýlarynda hyryn-dykyn boldy. Käbirler bu ýerde dynç almak üçin öňünden eden bronlarynyň ýatyrylandygyny diňe baransoň bilip galdylar.

Awaza
Awaza

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hazar deňziň kenarynda dynç alýanlar üçin häzirki wagtda göz öňünde tutulan şertler barada jikme-jik gyzyklanyp gördi: "Hazar iň gowy we gurply dynç alyjylar tarapyndan iň köp islenilýän myhmanhana hasaplanýar. "Kerwen" myhmanhanasynda dynç alýanlar hyzmatlaryň derejesini we işgärleriň üns berişini öwdüler. Çagaly dynç alyjylar çagalar üçin niýetlenen ýerleriň köpelendigini, şol sanda onçakly gymmat bolmadyk parklaryň we atraksionlaryň bardygyny aýtdylar. Emma täze akwapark köpler üçin elýeterli däl: çagalar üçin biletiň bahasy 100 manada, ulular üçin 200 manada durýar.

Akwapark
Akwapark

Otellerdäki baseýnler hem çagaly dynç almak üçin oňaýly. Iki adamlyk otaglar bir gije gündizine ortaça 200 manada durýar. Bu baha ýönekeý ertirlik nahary girýär. Gündizlik we agşamly naharlaryny otellerdäki naharhanalarda satyn alyp bolýar we dükanlardan azyk satyn alyp bolýar. Emma bahalar umuman gymmat - bir çörek 7 manada durýar".

Azatlygyň habarçysynyň bellemegine görä, Awazada dynç alýanlar adatça hyzmatlaryň hilinden, internetiň ýaramazlygyndan we ulular üçin tomaşalaryň ýeterlikli däldiginden, şeýle-de köp ýerde surat almagyň gadagan edilýändiginden nägile bolýarlar.

Gymmatçylyk we Awazanyň resmi çäreler üçin ýapylyp durmagy sebäpli şu ýyl Guwlymaýak (öňki ady Gully-Maýak) ýaly ýerlerde hususy sektorlar hem dynç alýanlardan dolup galdy.

Şeýle-de, jaý kireýleriniň, azyk önümleriniň, transportyň bahalary we hatda ýol gezegçilik polisiýasynyň ulag sürüjilerden soraýan parasynyň möçberi artdy. Ýerli ýaşaýjylaryň we dynç alyjylaryň aýtmagyna görä, deňize golaýlygyna görä bahalar hem ýokarlanýar.

Türkmenbaşy

Agşamlaryna Awazanyň yşyklary Türkmenbaşy şäherinden tapawutlylykda dabaraly öwüsýär. Türkmenbaşy bolsa garaňkylyga batýar.

Türkmenbaşy
Türkmenbaşy

Türkmenbaşy şäherine köp wagtdan soň baranlar şäheriň özünde ýollaryň gowulanandygyny belleýärler.

"Awaza barýan ýollar, çatryklar we köprüler täsir galdyrýar" diýip Azatlygyň habarçysy belledi.

Onuň sözlerine görä, şäheriň suw üpjünçiligi-de öňküsinden gowulanypdyr. Indi suw ýaşaýyş jaýlara günüň dowamynda iki gezek irden we agşam akdyrylýar.

Şol bir wagtda-da, şäherde azyk önümleriniň, ilkinji nobatda-da çöregiň gytçylygy we pes hilliligi saklanýar.

Türkmenbaşy
Türkmenbaşy

"Çörek meselesi ýiti durýar. Ony dessine satyn alyp gutarýarlar. Bu çöregi kesip bolmaýar ol ownuga öwrülýär we agşama çenli turşap galýar. Türkmenbaşy şäherinde bahalar paýtagtdan hem esli gymmat" diýip, Azatlygyň habarçysy belledi.

Şeýle-de, jaý kireýleriniň, azyk önümleriniň, transportyň bahalary we hatda ýol gezegçilik polisiýasynyň ulag sürüjilerden soraýan parasynyň möçberi artdy. Ýerli ýaşaýjylaryň we dynç alyjylaryň aýtmagyna görä, diňze golaýlygyna görä bahalar hem ýokarlanýar.

"Öz transporty bilen barýan ýa-da ulag tutýan dynç alyjylar ýol-gözegçilik gulluklaryň talap edýän töleglerinden zeýrenýärler. Polisiýa tarapyndan saklanan awtoulag sürüjilerden, olaryň hiç hili bidüzgünçilik etmedik ýagdaýynda talap edilýän puluň möçberi 5 manatdan 10-15 manada çenli galdy" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar we ujypsyz girdejili maşgalalaryň çaglaryna deňzi we bu ýerdäki "owadan durmuşy" görkezmek üçin diňe birnäçe günlük barýandygyny we şeýle kynçylyklara sezewar bolýandygyny belledi.

Tomus pasly - ýerli ýaşaýjylar üçin goşmaça girdeji çeşmesi bolup, gazanç etmäge mümkinçilik berýär. Olar jaýlaryny kireýe bermekden daşary, kenaryň boýunda dynç alýanlara nahar we azyk önümlerini hödürlemek we balyk tutup satmak bilen meşgullanýarlar.

Türkmenbaşy şäheri
Türkmenbaşy şäheri

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň bellemegine görä, ýaňy-ýakynda ýerli ýaşaýjylaryň goňşy Gazagystana gidip haryt getirip satmakdan ybarat ýene bir gazanç çeşmesi bardy. Emma soňky döwürde türkmen-gazak serhediniň ýapylyp durmagy bu mümkinçiligiň öňüne böwet salypdyr: "Iýun aýynyň ortalarynda türkmen tarapy Gazagystandaky meningit keseliniň epidemiýasyna salgylanyp, bu ýurt bilen öz serhedini takyk bolmadyk wagtlyk ýapdy. Häzirki wagtda çenli Guwlymaýak şäherçesiniň minimarketinde gazagystanly harytlaryň galyndylaryny satýarlar, olar Aşgabatda bireýýäm ýok".

Türkmenbaşynyň porty
Türkmenbaşynyň porty

Hazar deňziniň kenarynda Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda ýerleşýän Awaza milli syýahatçylyk zolagy 2007-nji ýylda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň inisiatiwasy bilen dünýä derejesindäki kurort hökmünde esaslandyrylypdy. Resmi maglumatlara görä bu ýerde bir wagtyň özünde 4000 çemesi adamyň dynç almagy göz öňünde tutulýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG