ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Ukrainanyň gündogarynda Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň “saýlawlary” geçirmek baradaky planlaryny ýazgaryp, bularyň regiondaky parahatçylyk tagallalaryna zeper ýetirjekdigini aýtdylar.
“ABŞ ‘Donetsk we Luhansk Halk respubliklary’ diýilýänlerde ‘saýlawlary’ geçirmek planlaryny ýazgarýar” diýip, döwlet departamentiniň metbugat wekili Heazer Nauert beýanat bilen çykyş etdi.
8-nji sentýabrda Ýewropa Bileleşiniň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogherini hem 11-nji noýabra planlaşdyrylan saýlawlary tankytlap, çykyş etdi.
Separatistler saýlawlar arkaly regional parlamenti we täze lideri saýlajakdyklaryny aýtdylar. 31-nji awgustda Donetskiň separatist lideri Aleksandr Zaharçenko bombaly hüjümde öldürilipdi.