Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada alty ýyldan gowrak wagt içinde birinji ýezek ýerli saýlawlar geçirilýär


Tal Rifaat, içerki bosgunlykdaky siriýalylar azyk kömegini alýar. 8-nji awgust, 2018
Tal Rifaat, içerki bosgunlykdaky siriýalylar azyk kömegini alýar. 8-nji awgust, 2018

Siriýanyň hökümet kontrollygyndaky ýerlerinde saýlawçylar alty ýyldan gowrak wagt içinde birinji ýezek ýerli saýlawlarda ses berýärler diýip, döwlet mediasy habar berýär.

40 müňe golaý kandidat ýerli adminstrasiýa geňeşlerindäki 18,500 çemesi orun üçin dalaş edýär diýip, SANA habar gullugy 16-njy sentýabrda habar berdi.

Telewideniýe paýtagt Damaskdan, kenarýaka welaýatlar bolan Tartusdan we Latakiden, şeýle-de gündogardaky Deýr al-Zordan saýlaw reportažlaryny görkezdi.

Ýerli adminstrasiýa ministri Hussein Makhlouf siriýalylary köpçülik bolup saýlawa gatnaşmaga hem-de dünýä “Siriýanyň halkynyň terrorçylygyň garşysynda birleşendigini we şeýle hem galjakdygyny görkezmäge” çagyrdy.

Hökümet kontrollygyndan daşardaky ýerlerde, şol sanda kürtleriň elindäki demirgazyk-gündogar sebitlerde, demirgazyk-günbatar sebitde esasan yslamçy ýaranlygyň kontrolynda ýerleşýän Idlibde ses berişlik geçirilmeýär.

XS
SM
MD
LG