Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň himiýa zawodynyň işgärleri mejbury pagta ýygymyna gatnaşdyrylýar, olardan para soralýar


Türkmenistanyň Lebap welaýatynda pagta ýygymyna gatnaşýan adamlar. Arhiwden alnan surat
Türkmenistanyň Lebap welaýatynda pagta ýygymyna gatnaşýan adamlar. Arhiwden alnan surat

Lebabyň himiýa zawodynyň işgärleri mejbury pagta ýygymyna gatnaşdyrylýar we olardan öz ýerlerine hakyna adam tutmak üçin 20 manat möçberinde para talap edilýär diýip, Azatlygyň bu welaýatdaky habarçysy habar berýär.

“Lebabyň himiýa zawodynda korrupsiýa aç-açan möwç alýar. Zawodyň bir hünärmeni işgärlerden aç-açan para soraýar. Ol muny ýaşryp hem duranok. Her işgärden gündelik 50 kilogram ýygmak talap edilýär. Biz bu kesgitlenen normany bir günde ýygyp ýetişmeýäris. Şonuň üçin geçen ýyllarda özümiz hakyna adam tutýardyk. Biz oňa 10 manat töleýärdik. Ýöne indi zawodyň hünärmeni muňa rugsat berenok. Ol “50 kilogram pagta isleýän bolsaňyz, onda maňa 20 manat beriň, men size hakyna adam tutaryn” diýýär” diýip, agzalýan zawodyň atlandyrylmasyzlygyny soran bir işgäri Azatlygyň ýerli habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda gürrüňi edilýän hünärmeniň şahsyýeti baradaky anyk maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Aýdylmagyna görä, eger işgärler özbaşdak hakyna adam tutan bolsa, onda bu hünärmen olary pagta meýdanlaryna goýbermeýär we munuň sebäpleri barada hem hiç hili düşündiriş bermeýär.

“Her gün zawoddan 200-300 çemesi adam mejbury pagta ýygymyna gatnaşdyrylýar. Olaryň her birinden alnan 20 manadyň 10 manady hakyna tutulan adama berilýär, 10 manady bolsa öz jübüsine galýar. Adatça mejbury pagta ýygymy dört aý dowam edýär” diýip, zawodyň işgäri aýtdy.

Ol häzirki wagt zawodda işiň tas düýbünden duruzylandygyny, işgärleriň ählisiniň diýen ýaly tölegsiz zähmet rugsadyna çykarylandygyny aýdyp, zawodda diňe ýokary wezipeli resmileriň galandygyny belläp, sözüni jemledi.

Şu ýyl Türkmenistanda, adat bolşy ýaly, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen pagta ýygymy möwsümine Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 5-nji sentýabrda we Daşoguz welaýatynda 16-njy sentýabrda girişildi.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň kanunçylygynda mejbury zähmetiň gadagan edilýändigini tekrarlasalar-da, döwlet býujetinden aýlyk alýan, şol sanda aň-bilim, saglygy saklaýyş, medeniýet we beýleki pudaklaryň işgärleri indi onlarça ýyl bäri pagta ýygymyna gatnaşmaga mejbur edilýärler.

Döwlet işgärleri bellenen pagta meýdanlaryna ugradylyp, olar üçin adam başyna gündelik tabşyrmaly “pagta plany” hem kesgitlenilýär. Käte pagta meýdanlary býujet işgärleriniň ýaşaýan ýerinden ýüzlerçe kilometr uzak aralykda bolup, olar pagta ýygymyna bir aý çemesi wagtlyk ýatymlyk gitmeli bolýarlar, şeýle-de azyk we ýol çykdajylarynyň ählisini öz hasabyna çekmeli bolýarlar.

Agyz suwy, sanatariýa şertleri köplenç üpjün edilmedik gowaça meýdanlaryna gitmezlik üçin döwlet işgärleriniň aglabasy öz ýerine “pagta planyny” dolup biljek, etrapdyr obalarda işsizlikden kösenýän adamlary hakyna tutýarlar. Öz ornuna günlükçi tutup bilmeýän hünärmenler öz gönümel wezipelerinden boşadylyp, pagta ýygymy döwri uzakly gününi gowaça meýdanlarynda geçirmeli bolýarlar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar bellenilýän “pagta planlaryndan” ýüz öwürjek bolýanlaryň her dürli, şol sanda işden kowulmak ýaly haýbatlar bilen hem ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny gürrüň berýärler.

Şu ýyl türkmen häkimiýetleri ýurt boýunça 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ýygnamagy göz öňünde tutýarlar. Onuň 207 müň tonnasyny Ahal welaýatynda, 230 müň tonnasyny Daşoguz welaýatynda, 300 müň tonnasyny Lebap welaýatynda, 313 müň tonnasyny Mary welaýatynda taýýarlamak maksat edinilýär.

XS
SM
MD
LG