Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýygyma mejbury ugradylan býujet işgärleri ýygara pagta tapmansoň, häkimiýetler ‘täsin’ çykalga tapdy


Illýustrasiýa suraty

Daşoguzda býujet işgärleri pagta ýygymyna mejbury ugradyldy. Olar baran ýerlerinde ýygara pagta tapmansoň, gurply hojalyklara paýlanyp berildi.

16-njy sentýabrda Daşogzuň käbir etraplarynyň býujet işgärlerinden düzülen pagta ýygymçy toparlary Ruhubelent hem-de Türkmenbaşy etraplarynda ýerleşýän obalaryň pagta meýdanlaryna mejbury ýygyma äkidildi. Ýöne meýdanlarda pagta bolamansoň, guramaçylar ýygymçylary degişli obalaryň gurply hojalyklaryna bir aý möhlet bilen paýlap berdi. Ýygymçylara hojalyklaryň öý işlerini ýerine ýetirmeklik tabşyryldy.

“Häkimiýetler ýekşenbe güni Nyýazow, Ýylanly we Görogly etraplarynyň býujet işgärlerinden ybarat ýygymçy toparlaryny Ruhubelent etrabynyň Şasenem, Şamülk obalaryna, şeýle-de Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Şamahy, Magtymguly, Aşyr Kakabaý we Aýböwür obalaryna bir aýlyk mejbury pagta ýygymyna ugratdylar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde habarçymyz maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, agzalýan daýhan birleşiklerde onsuzam, kärendeçi ýer eýeleriniň özlerine ýygmaga pagta ýok.

“Mejbury ugradylan ýygymçylar ýygmaga pagta tapmansoň, oba başlyklary, hem-de ýygymçy toparlaryň ýolbaşçylary olary obalardaky barlyrak hojalyklara ‘gapyňyzda işledersiňiz, garaz, bir aý saklasaňyz bolýar’ diýip, hyzmatkär hökmünde öýlere paýlapdyrlar” diýip, habarçy belledi.

“Ýygymçylara pagta tapylanda olaryň alnyp gidiljekdigi duýduryldy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Habarçynyň maglumatyna görä, häkimiýetleri ýygyljak pagtadan has beter, hususan-da býujet işgärlerini mejbury pagta ýygymyna ugratmak has içgin gyzyklandyrýar.

“Ýolbaşçylaryň pagtanyň bardygy ýa-da ýokdugy bilen işleri ýok, olar diňe býujet işgärlerini ýygyma ugratmak barada buýruk bermäni bilýärler” diýip, Azatlygyň regiondaky çeşmesi gürrüň berdi.

Häzirki günlerde Türkmenistanda pagta ýygym möwsümi dowam edýär.

Halkara hukuk toparlary ýurduň pagta senagatynda mejbury zähmetden, şol sanda mejbury çaga zähmetinden peýdalanylmagyny tankyt edýär.

Türkmenistanyň kanunçylygy mejbury çaga zähmetini çürt-kesik gadagan edýär.

Hukuk goraýjylar ýurduň degişli kanunçylygynyň iş ýüzünde amal edilmeýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy ýurduň pagta ýygym kampaniýasynda mejbury zähmetiň ulanylýandygy barada yzygiderli habar berip gelýär.

Düýn Azatlygyň ýurduň içindäki habarçysy Lebap welaýatynyň himiýa zawodynyň işgärleriniň mejbury pagta ýygymyna gatnaşdyrylýandygyny, öz ýerine hakyna adam tutýanlardan 20 manat möçberinde para talap edilýändigini habar berdi.

Şeýle-de, Daşoguz welaýatynyň käbir etraplarynda 7-nji klasdan ýokary mekdep okuwçylary pagta ýygymyna mejbury çekildi.

Himiki derman ýetmezçiligi sebäpli, welaýatda gowaçanyň ýapraklary býujet işgärlerine mejbury ýolduryldy.

Galyberse-de, Daşoguzda resmi “ak kerwen” dabarasyna taýýarlyk çärelerine býujet işgärleri bir hepdeläp mejbury çekildi.

Ýurtdan mejbury zähmet barada habarlaryň gelip gowuşýan wagty, “Pagta kampaniýasy” atly halkara koalisiýa, “Freedom United” atly adam gaçakçylygyna we gulçulyga garşy iş alyp barýan topar, hem-de “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” proýekti Berdimuhamedowyň Nýu Ýorka etjek üstümizdäki saparynyň dowamynda protest çäresini gurnamagy meýilleşdirýär.

Topar meýilleşdirilýän nägilelik çäresi barada Facebook sosial ulgamynda bildiriş ýaýratdy.

Onuň mazmunynda Türkmenistanyň pagta senagatynda sistematiki mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy çykyş etmäge çagyryş edilýär.

Türkmen resmileri mejbury zähmeti tassyklamaýar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG