Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda himiki derman ýetmezçiligi sebäpli býujet işgärleri gowaça ýapraklaryny elde ýolmaly edildi


Illýustrasiýa suraty

Daşoguz welaýatynda häkimiýetler açylmadyk gowaçalaryň ýapraklaryny býujet işgärlerine elde ýolduryp, regionyň çäginde 16-njy sentýabrda badalga beriljek resmi pagta ýygym kampaniýasyna taýýarlyk görýär. Bu barada Azatlygyň welaýatdaky habarçysy 6-njy sentýabrda habar berdi.

Читайте также на русском

“Şu ýyl gowaçanyň ýapragyny düşürýän himiki derman welaýata gelmändir, şol sebäpden býujet işgärleriniň zähmetinden peýdalanyp, meseläni çözmekçi bolýarlar” diýip, habarçy belledi.

“Ýapraklary haltalarda ýygnadýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmen döwlet habarlar gullugy (TDH) düýn beren maglumatynda gowaçanyň ýapragyny düşürýän dermanyň ýurtda ýeterlik möçberde elýeterlidigini habar berdi. Hatda bu ugurda diňe bir traktorlaryň däl, eýsem, ýörite uçarlaryň hem hyzmatlaryndan peýdalanyljakdygyny mälim etdi.

“Tehnika bilen ýygmaga girişmezden öň gowaçanyň ýapragyny düşürmek üçin zerur möçberde defoliant satyn alyndy. Hemişe bolşy ýaly, şunda diňe bir ýöriteleşdirilen traktorlar däl, eýsem, raýat awiasiýasynyň ýörite uçarlary hem ulanylar” diýip, TDH 5-nji sentýabrda ýazdy.

Ýöne Azatlygyň regiondaky habarçysy derman sepýän uçarlaryň, ýa-da traktorlaryň üpjünçiligi beýlede dursun, welaýatda ýaprak düşürýän defoliantyň hem tapdyrmaýandygyny, muňa derek el zähmetinden peýdalanyljakdygyny ençeme kärendeçilere we agronomlara salgylanyp habar berdi.

Gowaçanyň ideginde pagtanyň hasyllylygyny artdyrmak üçin ösümligiň ýapraklary defoliant himiki derman serişdesini ulanmak arkaly wagty gelende guradylyp dökdürilýär.

Habarçy Daşoguz welaýatyndan 31-nji awgustda ýetiren maglumatynda bu ýyl regionyň kärende ýerlerinde gowaçanyň ýagdaýynyň ýaramazdygyny habar beripdi. Ol ýeterlik derejede suw içmedik gowaçalaryň wagtyndan ir guramagynyň öňüni almak üçin gowaça meýdanlaryna pestisid himiki dermanynyň sepilendigini aýdypdy.

Agronomlar bu iki himiki dermanyň hem gowaçanyň ideginde möhüm rol oýnaýandygyny, şeýle-de ösümligiň wagtly-wagtynda suwarylmagynyň onuň boý almagynda, hem-de pagta hasyllylygyny artdyrmakda aýratyn ähmiýetlidigini nygtaýarlar.

Daşoguz welaýatynda Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan ençeme daýhan bu ýyl gowaçany ösdürip ýetişdirmekde zerur bolan mineral dökün üpjünçiliginiň pes bolandygyny gürrüň berdiler.

Iýunyň aýagynda regiondaky habarçymyz gowaça ýetişdirýän daşoguzly kärendeçileriň kärende ýerlerine döwletden mineral dökünleri alyp bilmän kösenýändiklerini habar beripdi.

Şonda ol Daşogzuň ähli etraplarynda hatar ara bejergi etmek üçin zerur bolan tehnikalaryň, hem-de suwarym suwlarynyň ýetmezçilik edýändigini habar beripdi.

TDH-nyň düýnki habarynda kärendeçileriň we daýhan birleşikleriň tehnika, tohum, mineral dökün, suw we hyzmatyň beýleki görnüşleri bilen ýeňillikli şertlerde üpjün edilýändigi öňe sürülýär.

Galyberse-de ýerli synçylar döwletiň pagtany kärendeçilerden satyn alyş nyrhynyň örän ujypsyzdygyny, daýhanlaryň daban azabynyň doly kanagatlandyrylmaýandygyny aýdýarlar.

Bu ýyl Türkmenistanda gowaça ekmek üçin umumy 545 müň gektar ýer döwlet tarapyndan bölünip berildi, hem-de jemi ýurt boýunça 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Daşogzuň kärendeçileri bu ýyl 230 müň tonna pagta ýygmak bilen borçlandyryldy. Welaýatda howa şertleri sebäpli ekişe 28-nji martda, Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 23-nji martda girişilipdi.​

Döwlet metbugaty ýurtda ýüzlerçe pagta ýygyjy kombaýnlaryň satyn alnandygyny habar berýär, pagtany el bilen ýygýan kärendeçileri “ussatlar” diýip, olaryň bitirýän işini “öndürijilikli zähmet” häsiýetlendirýär. Halkara hukuk toparlary bolsa Türkmenistanda býujet işgärleriniň ýokardan görkezme bilen “mejbury zähmete” çekilýändigini ýyldan-ýyla jemgyýetçilige aýan edip gelýär.

Synçylaryň aýtmagyna göre Sowet döwründe “gyzyl kerwen” atlandyrylan pagta kerwenlerini, indi türkmen häkimiýetleri kerweniň öňündäki reňki çalşyp, metbugatdan mälim bolşuna görä, “ak kerwen” atlandyrdylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň binýadyndaky “Iýmit we obahojalyk guramasynyň” soňky hasabatyna görä, Türkmenistan daşary ýurtlara pagta eksport etmekde dünýäde ilkinji onluga girýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG