Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary Orsýetde okamak üçin okuw tölegini 'töläp bilmediler'


Türkmen ýaşlary köpçülikleýin çärede, Aşgabat
Türkmen ýaşlary köpçülikleýin çärede, Aşgabat

Azatlyk Radiosyna diňleýjilerden gelýän maglumatlarda daşary ýurtlarda okaýan we mundan beýläk bilim almak isleýän türkmenistanly ýaşlaryň okuw tölegini geçirmekde çekýän kynçylyklarynyň dowam edýändigi aýdylýar.

Redaksiýanyň adyna gelen hatlaryň birinde Orsýetiň medisina uniwersitetlerine girmek üçin synagdan geçen ýaşlaryň ençemesiniň indi okuw tölegini geçirip bilmän galýandygy aýdylýar.

"Russiýanyň köp sanly lukmançylyk ýokary okuw jaýlaryna okuwa girýän türkmen ýaşlarynyň köpüsi, synaglardan üstünlikli geçseler-de bir ýyllyk tölegini öňünden töläp bilmän bialaç yzyna gaýtmaly boldular" diýip, okyjymyz ýazýar. Maglumatda beýleki döwletlerden gelen ýaşlaryň okuw tölegini geçirmek üçin zerur kagyzlaryň berlen badyna öz ýurtlaryndan bank üsti bilen töleglerini geçirýän wagtynda Türkmenistandan uguradylan pullaryň geçmändigini bellenýär.

"Okuw jaýlarynda töleg kagyzy berlen güni türkmen ýaşlaryndan başga okuwa girenleriň hemmesi banka gidipdirler. Türkmenler bolsa ýetim galan çaga ýaly, näme ederlerini bilmän töleg möhleti gutarýança özlerini oda-köze urup, bary-bir alaç tapman ýene-de Türkmenistana gaýdyp gelmeli boldular" diýip diňleýjimiz belleýär.

Şeýle-de, diňleýjimiz daşary ýurt pullarynda kesgitlenen tölegiň maddy taýdan hem türkmenistanlylar üçin agram salýandygyna ünsi çekýär: "Ýaşlaryň köpüsi üçin summasy azyndan 2500 amerikan dollaryna barabar. Häzir Türkmenistandan şunça puly dollarda tapjak bolsaň, türkmen pulunda 42 500 manada ýetýär, sebäbi häzir 1 dollaryň gara bazardaky bahasy 17 manatdan az däl".

Okyjymyz 3-nji awgustda Azatlyga ugradan öz hatynda bu meseläni gozgamagy soraýar. Redaksiýa gowşan bu hatda Orsýetiň ýokary okuw jaýlaryna girmekçi bolýan türkmenistanly ýaşlaryň pul geçirmegine päsgel döreden bökdençlikler barada jikme-jik maglumat berilmändir.

Emma mundan öň Orsýetde, Belarusda, Täjigistanda we ýene birnäçe ýurtda bilim alýan türkmenistanly studentleriň okuw tölegleriniň Türkmenistanyň döwlet banklarynyň üsti bilen wagtynda geçmändigi we şu sebäpden studentleriň ençemesiniň okuwdan çykarylmak howpuna duçar bolandygy habar berlipdi.

Aprel aýynyň başynda Belarusyň Döwlet medisina uniwersitetinde okaýan türkmen talyplary Türkmenistandan döwlet banklarynyň üstünden fewral aýynda geçirilen tölegleriň geçmändigini we şu sebäpden özlerine okuwdan çykarylmak howpunyň abanýandygyny habar beridler.

Türkmenistandan bank üsti bilen fewral aýynda we martyň başynda uguradylan puluň okuw jaýlaryna barmandygyny maý aýynda Orsýetde okaýan türkmenistanlylar hem habar beripdi. Şonda Tatarstanda 32 sany türkmenistanly studente tölegiň geçmändigi sebäpli okuwdan çykarylmak howpunyň abanýandygy mälim bolupdy.

Şeýle-de, soňky döwürde töleginiň geçmändigi sebäpli okuwdan çykarylan ýaşlaryň Türkmenistana dolanyp barýandygy, emma Türkmenistanyň banklarynyň raýatlaryň geçmedik töleglerini yzyna bermeýändigi barada maglumatlar bar. “Biz geçirdik, bilemizok, git-de daşary ýurtdan soraň diýip [azgarylýarlar]. Garaz, iki tarapam deň dawagär; bank-a ‘geçirdim’ diýýär, olaram ‘geçiren bolsaň nirä gidipdir şol pul, ýokary okuw jaýyna barmandyr, ynha çagalarymyzyň okuwdan çykyp gelenleri bar’ diýip, ala-goh turup duran ýerleri bar” diýip, Aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew 12 iýulda habar berdi.

Türkmenistanda ýylda 100 müň çemesi okuwçy mekdebi tamamlaýar. Ýurduň öz ýokary okuw jaýlaryna ýylda 8 müňden sähel gowrak adam kabul edilýär.

Ýurduň daşynda okaýan türkmenistanlylaryň sany barada anyk maglumat ýok. Ýaňy-ýakynda gündogar.org websaýtynyň türkmenistanlylaryň okuwa iň köp barýan birnäçe ýurduň resmi statistikasyna salgylanyp çap eden maglumatynda, 2017-2018-njy ýyllarda Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda Türkmenistandan 12 247, Orsýetde 15 000, Belarusda 8000, Ukrainada 4500 we Gzagystanda 1400 adamyň bilim alandygy aýdylýar. Şeýle-de, daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda ýylda azyndan 55 000 adamyň okaýandygy bellenýär.

XS
SM
MD
LG