Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Hytaýyň ýurtdaky musulman uýgurlary we hristian azlygyny kemsitmegini ýazgarýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Hytaýyň gaýtadan terbiýeleýiş lagerlerinde tussag edilen musulman uýgurlarynyň “elhenç kemsidilmegini” ýazgardy we hökümetiň ýurtdaky hristianlary basyp ýatyrýandygyny aýdyp, muny tankyt etdi.

21-nji sentýabrda aýdylan sözler BMG-niň uýgurlar barada çap eden täze hasabatynyň yz ýanyna gabat geldi. Ol hasabatda Hytaýyň günbatardaky Sinjiaň regionynda ýaşaýan uýgurlary ekstremizmiň öňüni almak bahanasy bilen köpçülikleýin ýagdaýda içerki lagerlerde saklaýandygy aýdylýar.

"Ýüzlerçe müň adam, belki-de millionlap uýgur öz islegleriniň garşysyna gaýtadan terbiýeleýiş lagerleri diýilýänlerde saklanylýar, olar bu ýerde gazaply syýasy ideologiýa, beýleki elhenç kemsitmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar” diýip, Pompeo din azatlygy barada sözlän sözünde aýtdy.

Kongresiň respublikan we demokrat agzalary geçen aý Hytaýyň azlyklary gözegçilik astynda saklamak bilen baglanyşykly resmilerine garşy gadaganlyklary girizmäge çagyrdylar.

Pompeo Birleşen Ştatlaryň bu hili sanksiýalary girizmek çärelerini görjegi barada hiç zat aýtmady.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Human Rights Watch” (HRW) guramasy 20-njy sentýabrda Hytaýyň öz ilatynyň musulman uýgur azlygyna garşy “köpçülikleýin, yzygiderli adam hukuklaryny bozuş kampaniýasyny alyp barýandygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG