Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýene bir taslama zyýana öwrüljege meňzeýär, Aşgabat Duşenbäniň TOT proýektini 'soňa goýmagyna düşünmeýär'


Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň açylyş dabarasy, 28-nji noýabr, 2016. Arhiw suraty
Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň açylyş dabarasy, 28-nji noýabr, 2016. Arhiw suraty

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Täjigistanyň TOT proýektini soňa goýmak planlaryna düşünmeýändigini aýdyp, täjik DIM-ine resmi hat ýollandygyny habar berdi.

AP habar gullugynyň türkmen paýtagty Aşgabatdan beren maglumatyna görä, Merkezi Aziýa demirýol proýekti, görnüşinden, howada asylyp galjaga meňzeýär, Türkmenistan bolsa, täjik ilçisiniň bu taslamadan yza çekilmek alamatlaryny görkezýän beýanatyny “düşnüksiz” hasaplaýar.

Aşgabat bilen Duşenbäniň arasynda gürrüňi edilýän demirýol proýeketiniň amala aşyrylmagy bilen bagly ozal hem käbir “düşünişmezlikler” bolupdy, emma soňky ýaýran maglumat Eýrandan we Türkiýeden Täjigistana ýük getirýän ýük maşynlarynyň Türkmenistanyň serhedinde hepdeläp saklanmagynyň we ýurduň territoriýasyna goýberilmezliginiň yz ýanyna gabat geldi.

Täjigistanyň Özbegistandaky ilçisi Imomi Sodik Aşurboýzoda şu hepde öz ýurduny Türkmenistanyň üstünden Owganystana birleşdirjek demirýol proýektiniň näbelli möhlete çenli yza çekiljekdini aýtdy.

Ilçi 20-nji sentýabrda Orsýetiň "Kommersant" neşiri bilen söhbetdeşlikde Özbegistan bilen gatnaşyklaryň ilerlemgi Duşenbäni Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen Täjigistana demir ýol gurmak ideýasyny "gowy zamana çenli soňa goýmaga" mejbur etdi diýdi.

Özbek-täjik gatnaşyklary Yslam Kerimow ýogalyp, ýerine Şawkat Mirziýoýew prezident saýlanandan soň gowulaşyp başlady we täjik wekili 2017-nji ýylyň ýanwarynda Özbegistanyň üsti bilen Türkmenistandan sowa Orsýete ýolagçy demirýol gatnawyny ýola goýmak niýetini mälim etdi.

Türkmen DIM-i bu habara reaksiýa bildirip, Aşgabat bilen Duşenbäniň arasynda demirýol-tranzit gagtnaşyklaryny ösdürmek, Täjigistandan Türkmenistanyň üsti bilen başga ýurtlara ýük we ýolagçy gatnawyny köpeltmek barada gelnen ylalaşyklary ýatlatdy.

Ýöne bu nägilelik özbek-täjik demirýol planlaryna hiç bir täsir ýetirmedi we eýýäm 2018-nji ýylyň martynda Galaba (Özbegistan) - Amuzang (Owganystan) demir ýolunyň serhet uçastogy dikeldilip, martda aýynda bu ýoldan Täjigistandan ilkinji Kulýab-Moskwa otlusy ugradyldy.

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan (TOT) demir ýolunyň gurluşygy, transowgan koridoryny döretmek baradaky jarnama Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Owganystanyň prezidentleri baryp 2013-nji ýylyň başynda gol çekdi.

Geçen ýylyň noýabrynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Duşenbä eden sapary mahalynda taraplar iki ýurduň gatnaşmagynda amala aşyrylýan TOT demir ýolunyň gurluşygynyň ähmiýetini ýene bir gezek nygtadylar.

Türkmenistan bu ýoluň özüne degişli 85 kilometrlik böleginiň gurluşygyna 2013-nji ýylyň 5-nji iýunynda başlap, 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýoluny açdy we özüniň “Ýewraziýa regionynda iri transport-tranzit merkezine öwrülýändigini” yglan etdi.

Emma Özbegistan hem özüniň Ýewraziýa regionyndaky transport merkezine öwrülýändigini tassyklaýar.

Mundan öň täjigistanly ykdysady bilermen Abdullo Aşurow bu proýekte gatnaşýan Täjigistanyň beýleki taraplar bilen ylalaşmaýan meseleleriniň hem bardygyny aýdyp, şeýle diýdi:

Bu proýektiň öňünde iki problema bar. Birinjiden, Owganystandaky howpsuzlyk problemalary sebäpli Aziýanyň Ösüş banky demir ýoluň Täjigistanyň we Owganystanyň üstünden geçýän bölekleriniň maliýe üpjünçiligini amala aşyrmakdan ýüz öwürdi. Netijede, gurluşygyň maliýe üpjünçiligi sorag astynda galdy. Ikinjiden, Täjigistan Owganystan we Türkmenistan bilen demir ýoluň geçjek marşruty boýunça özara ylalaşyga gelip bilmedi. Täjigistan öz marşrutyny teklip edýär, Owganystan öz marşrutyny. Şeýlelikde, demir ýoluň idniki böleginiň marşruty gutarnykly kesgitlenmedi”.

Metbugat materiallaryndan mälim bolmagyna görä, Täjigistan demir ýoluň Owganystanyň üstünden geçýän böleginiň 160 kilometrlik ýol bilen çäklendirilmegini teklip edýär, owgan tarapynyň teklibine görä bolsa, bu bölegiň uzynlygy 500 kilometr çemesi bolmaly.

Täjigistanyň transport ministri Şerali Ganjalzoda 2017-nji ýylyň awgustynda Täjigistanyň we Owganystanyň bu ýoluň ugruny üýtgetmek barada özara ylalaşyga gelip, protokoly Türkmenistanyň garamagyna ýollandygyny, emma Türkmenistandan jogabyň bolmandygyny aýtdy.

TOT proýektiniň tehniki ykdysady delillendiriş işlerine Aziýanyň ösüş banky 9 million dollar möçberinde pul çykarypdy.

Ýerli synçylar Türkmenistanda sowet ýyllarynda demirýol gurmakda suwytly iş edilmändigini, emma garaşsyzlyk ýyllarynda 3 müň kilometrden gowrak aralyga demir ýollaryň çekilendigini aýdýarlar. Şonuň bilen bir wagtda, Demirgazyk-Günorta demir ýolunyň ugrunda 25 sany demirýol şäherçesi hem guruldy.

Emma bu ýollaryň hiç biri ykdysady taýdan özüni ödemeýär, olardan wada berlen möçberinde ýolagçy-da, ýük-de gatnadylmaýar, täze gurlan demirýol şäherçeleri bolsa boş dur diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran transport resmisi Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

TOT-yň Türkmenistan üçin nobatdaky "boş çykdaja" öwrülmek ähtimallygyny aňladýan habar TYA-nyň akademigi, ykdysady ylymlаryň doktory we iri proýketler baradaky kararlary bir özi kabul edýän Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilen wagtyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG