Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 1 müň 722 bendiniň günäsi geçildi, 735 adama raýatlyk berildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Düýn 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ministrler kabinetiniň, hem-de döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňeldilen mejlisini geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Hökümet maslahatynda Halk Maslahatynyň guramaçylygyna, Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk işlerine hem-de beýleki käbir meselelere garalypdyr. Onuň dowamynda prezident Berdimuhamedow nobatdaky günä geçişlik barada we raýatlygyny ýitirip, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan ýüzlerçe adamy türkmen raýatlygyny bermek barada permana gol çekdi.

TDH-nyň maglumatlaryna görä, prezident Garaşsyzlyk baýramynyň 27 ýyllygy mynasybetli 1 müň 722 bendiniň günäsini geçmek barada permana gol çekdi.

Türkmen lideriniň 24-nji sentýabrda gol goýan resminamasyna laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar “mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy”.

Awgustyň aýagynda Azatlygyň biri-birinden habarsyz ençeme çeşmesi Türkmenistanda ýurt garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy, şeýle-de Halk maslahatynyň mejlisi mynasybetli günä geçişiň yglan ediljekdigine garaşylýandygyny habar beripdi. Prezident Berdimuhamedow hökümet başyna geçeli bäri Türkmenistanda uly baýramçylyklara gabatlap günä geçişlik yglan edilip durulýar. Ýöne günäsi geçilen bendiler barada maglumatlar ýurduň metbugat serişdeleri arkaly köpçülige ýetirilmeýär.

Şu ýylyň iýun aýynda, Gadyr gijesine gabatlanyp yglan edilen günä geçişde 611 tussag azatlykdan mahrum etmek baradaky esasy jezasyny çekmekden boşadyldy.

Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn çeşmeleri maý aýynyň aýagynda bu gezek Gadyr gijesine gabat azatlyga çykjaklaryň arasynda "gülençiler" diýilýänleriň hem bolmagynyň ähtimaldygyny habar beripdiler, emma bu maglumat tassyk bolmady.

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli düýn günäsi geçilenleriň hatarynda halkara hukuk guramalary tarapyndan syýasy bendiler ýa wyždan ýesirleri diýlip hasaplanylýan adamlaryň hem bardygy ýa ýokdugy häzirlikçe belli däl.

Adatça, türkmen prezidenti mundan öňki günä geçişliklerde “eden jenaýatyna ak ýürekden toba eden adamlaryň işe ýerleşdirilmegini” degişli döwlet resmilerine tabşyrýar. Emma muňa garamazdan, türkmen türmelerinde oturyp çykanlar özleriniň soňy bilen işe ýerleşmek meselesinde uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny, güýç edaralarynyň işgärleri tarapyndan häli-şindi her dürli kemsitmelere sezewar edilýändiklerini aýdýarlar.

Türkmenistanda 2018-nji ýylyň dowamynda üç gezek günä geçişlik yglan edildi. Olaryň ilkinjisi Nowruz baýramyna gabatlandy. Şol günä geçişlikde azatlyga goýberilen tussaglaryň sany mälim edilmedi. Ondan soňra iýun aýynda Gadyr gijesine gabatlap Berdimuhamedow 611 tussagyň günäsini geçmek barada permana gol çekdi. Garaşsyzlyk baýramyna gabatlanyp yglan edilen günä geçişlikde, jemi 1 müň 722 bendi tussaglykdan boşadylyp, bu soňky wagtlarda boşadylan tussaglaryň sany boýunça iň köp günä geçişlik hökmünde hasaba alyndy. Nyýazow ýylyň dowamynda bir gezek diňe Gadyr gijesinde günä geçişlik yglan ederdi, ýöne bir gezekde ol müňlerçe bendini boşadardy. Onuň tersine Berdimuhamedow günä geçişlik tejribesini ýylyň dowamyndaky baýramçylyklara ýaýyp, az-azdan tussag boşadýar.

Düýnki geçirilen hökümet maslahatynda günä geçişlik barada permana gol çekmek bilen bir hatarda prezident Berdimuhamedow dürli döwürlerde öz raýatlygyny ýitirip, hemişelik Türkmenistanda ýaşaýan 735 adama türkmen raýatlygynyň berilmegi boýunça permana gol çekdi.

Prezident Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine, Içeri işler ministrligine, Migrasiýa gullugyna hem-de degişli beýleki edaralara raýatlyk berilen adamlara bir aýyň dowamynda Türkmenistanyň pasportyny çykaryp bermek barada tabşyryk berdi.

XS
SM
MD
LG