ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bir gün ozal BMG-däki döwletleriň ählisini Tähran liderlerini üzňeleşdirmekde özi bilen işleşmäge çagyranyndan soň, 26-njy sentýabrda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde etjek çykyşyny hem Eýran meselesine gönükdirmekçi bolýar.
Emma Eýranyň esasy ýaranlary bolan Orsýet we Hytaý 15 agzaly geňeşde otyr, Waşingtonyň ýewropaly ýaranlar bolsa, Eýran bilen 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykmak kararyndan soň, Tramp bilen o diýen oňuşmaýarlar. Onsoň bu duşuşyk dünýä döwletleriniň Eýran üstündäki agzalalygyny has beter ýüze çykarjaga meňzeýär.
Tramp tokmaga eýe bolar, sebäbi Birleşen Ştatlar şu aýda BMG-niň iň wajyp howpsuzlyk meselelerine seredýän geňeşiniň prezidenti bolup durýar.
Tramp 25-nji sentýabrda, Baş Assambleýa ýüzlenmesinde Eýranyň ýolbaşçylaryna hüjüm edip, olary tutuş Ýakyn Gündogarda “baş-başdaklyk, ölüm we ýykgynçylyk” tohumyny sepmekde aýyplady we dünýä döwletlerini Tährany üzňeleşdirmekde özüne goşulmaga çagyrdy.
Eýranyň prezidenti Hassan Rohany onuň aýyplamalaryna bir sagat soňra eden çykyşynda gaýtawul berdi we Waşingtonyň halkara ylalaşyklaryny sylamazlyk we bütin dünýäde “güýç mamlalygy” syýasatyny ýöretmegini ýazgardy.
Şeýle-de ol planlaşdyrylan geňeş duşuşygyny “absurd we kada sygmaýan zat” diýip häsiýetlendirdi.
Bu duşuşyk Birleşen Ştatlar bilen onuň Ýewropa ýaranlarynyň arasynda Eýranyň ýadro ýaragy babatdaky ylalaşyk üstünde dörän agzalalygy açyp görkezer. Tramp maýda, bu ylalaşyk Eýranyň ahyrynda ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni alyp bilmez diýip, Tähran bilen 2015-nji ýylda baglaşylan şertnamadan çykdy.
Birleşen Ştatlar uzaga çeken gepleşiklerden soň gelnen düýpli yalalşyk astynda ýatyrylan sanksiýalary yzyna dikeltdi we Eýran bilen biznes-iş gatnaşyklaryny eden daşary ýurt firmalaryny jezalandyrmagy wada berdi.
Bu ylalaşygyň galan bäş agzasy – Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa we Orsýet 24-nji sentýabrda, Eýran bilen söwda we iş gatnaşyklaryny dowam etdirmek üçin, ýörite töleg ulgamyny ýola goýmakçydyklaryny yglan etdiler.
Birleşen Ştatlar başda Trampyň ýolbaşçylygyndaky geňeş ýygnagynyň Eýrana üns berjekdigini aýtdy, emma soňra gün tertibiniň giňeldilendigini, ýadro we köpçülikleýin gyrgyn ýaraglaryny ýaýratmazlyk temasyny hem içine aljagyny aýtdy.
Bu ýagdaý şu ýyl Siriýada we Britaniýada himiki ýaraglaryň ulanylandygy barada aýdylýanlar we geňeşiň Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglaryny edinmek tagallalaryny jylawlamak ugrunda edýän aladalary hakynda gürrüň etmegä gapy açar.
Adaty praktika görä, başlyklyk ediji geňeş duşuşyklarynda iň soňundan gürleýär, emma bu gezekki ýygnakda Tramp ilki çykyş eder we soň beýleki döwlet ýolbaşçylary çykyp gürlär.
Fransuz prezidenti Emmanuel Makron, Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý hem geňeşde çykyş eder, Orsýete we Hytaýa daşary işler ministrleri Sergeý Lawrow we Wang Ýi wekilçilik eder.
Diplomatlar Eýranyň Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde çykyş etmek talabyny etmändigini, ýöne Rohaniniň ol tamam bolandan soň metbugat ýygnagyny gurnajakdygynyaýtdylar.
Bu BMG-niň taryhynda ABŞ-nyň prezidentiniň howpsuzlyk geňeşiniň ýygnagyna diňe üçünji gezek başlyklyk edişi bolar. Barak Obama 2009-njy we 2014-nji ýyllarda iki duşuşyga başlyklyk etdi.
ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Heýli Trampyň gatnaşmagynyň bu duşuşygy “ozalda-ahyrda iň köp syn edilen howpsuzlyk geňeşine öwürmegine” garaşýandygyny aýtdy.