Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Eýranyň “gizlin atom ammarynyň” bardygyny aýdýar


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu (Benjamin Netanyahu)
Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu (Benjamin Netanyahu)

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu (Benjamin Netanyahu) özüniň Birleşen Milletler Guramasynda eden çykyşynda Eýrany Tähranyň golaýynda gizlin atom ammaryny edinmekde aýyplady. Bu aýyplamany Eýranyň resmileri ýalan maglumatlar diýip, ret etdiler.

27-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasynda çykyş eden Netanýahu Eýranyň paýtagtynyň ýokardan düşürilen suratlaryny görkezdi. Onuň sözlerine görä, suratda gyzyl çyzyklar bilen yşarat edilen ýerde ýadro bilen baglanyşykly materiallaryň saklanýan gizlin ammary ýerleşýär.

Ol bu surat, Eýranyň global ykdysady sanksiýalaryň ýatyrylmagyna derek öz ýadro programmasyny çäklendirmek barada dünýäniň iň kuwwatly ýurtlary bilen 2015-nji ýylda gol goýan ylalaşygyna garamazdan, Tähranyň heniz hem ýadro ýaraglaryny özleşdirmäge synanyşýandygyny görkezýär diýdi.

Netanýahu BMG-niň atom agentligini gürrüňi gidýän ýeri “Geiger” enjamy bilen dessine derňemäge çagyrdy.

Bu aýyplamany Eýranyň resmileri ret etdiler.

XS
SM
MD
LG