Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasynyň nobatdaky sammiti Aşgabatda geçiriler


Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) guramasyna agza ýurtlaryň döwlet baştutanlary
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) guramasyna agza ýurtlaryň döwlet baştutanlary

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) guramasynyň nobatdaky sammiti 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçiriler diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew aýtdy. Bu barada “Interfax” neşiri habar berýär.

“Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etjekdigi baradaky karar kabul edildi” diýip, ol anna güni Duşenbede GDA agza döwletleriň baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän ýygnakda aýtdy.

Öňümizdäki ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) guramasyna Täjigistan we Özbegistan egindeş başlyklar bolar.

“Türkmen tarapynyň teklibi esasynda GDA agza döwletleriň baştutanlarynyň nobatdaky geňeşini 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirmek barada karar kabul edildi” diýip, Lebedew belledi.

XS
SM
MD
LG