Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedowyň körekeni bilen atdaş raýat “Watana bolan söýgüsi üçin” medal bilen sylaglandy


Prezident G.Berdimuhamedowyň aýal dogany Gülnabat Döwletowanyň gyzynyň adamsy – Ibabekir Bekdurdyýew.

Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýal dogany Gülnabat Döwletowanyň gyzynyň adamsy – Ibabekir Bekdurdyýew bilen atdaş türkmen raýaty “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medal bilen sylaglandy.

“Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri özüniň 28-nji sentýabrda çap eden maglumatynda sylaglanan Bekdurdyýewiň Berdimuhamedowyň aýal doganynyň körekenidigini aýdyp, türkmen prezidentiniň “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edilen permanynyň suratyny köpçülige ýetirdi.

Bu medal “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň taslama inženeri Bekdrudyýewe we beýleki raýatlara “ýurduň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda bitiren uly işleri”, “garaşsyz döwletimiziň we halkymyzyň öňünde eden aýratyn hyzmatlary, şeýle-de köp ýyllaryň dowamynda ak ýürekli, edermençilikli we göreldeli çeken zähmeti” üçin gowşuryldy diýlip, neşiriň maglumatynda aýdylýar.

Azatlyk Radiosyna “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medal bilen sylaglanan Bekdurdyýewiň prezident Berdimuhamedowyň aýal dogany Gülnabat Döwletowanyň gyzynyň adamsy bolup-bolmandygyny häzirlikçe anyklamak başartmady.

Belläp geçsek, prezidentiň aýal doganynyň körekeni Bekdurdyýew baradaky habarlar ilkinji gezek şu ýylyň fewral aýynda peýda bolupdy. Şonda “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri Ibabekir Bekdurdyýewiň sosial ulgamlaryndaky maglumatlaryny seljerip, degişli derňewleri geçirip, onuň kaşaň durmuşyny we umumy bahasy 1 million dollardan hem geçýän goşar sagatlaryny köpçülige aýan etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG