Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Daşoguzda býujet işgärlerini ýatymlaýyn pagta ýygymyna çekmek işleri dowam edýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň demirgazyk regionynda býujet işgärlerini mejbury pagta ýygymyna çekmek işleri dowam edýär. Bu barada Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy 28-nji sentýabrda maglumat berdi.

Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna resmi derejede 16-njy sentýabrda badalga berlipdi.

Habarçynyň maglumatyna görä, welaýatda býujet işgärleri pagta ýygymyna ýatymlaýyn çekilýär. Onuň sözlerine görä, pagtaçylara öz ýaşaýan ýerlerinde däl-de başga obalaryň pagta meýdanlaryna äkdilip, pagta ýygdyrylýar. Olaryň ýatak jaýlarynda amatly ýaşaýyş şertleri döredilmändir.

Habarçy ýygymçylaryň wagtlaýyn ýaşaýan ýerlerinde hatda olaryň iň zerur tebigy hajatlaryny gidermegi üçin hem amatly şertleriň döredilmändigini, olaryň arassaçylyk şertleriniň juda ýaramazdygyny belledi.

Şeýle-de, habarçy ýygymçylaryň azyk ýetmezçiliginden hem ejir çekýändigini sözüne goşdy.

“Ýygymçylar 3-5 kilometr ýoly pyýada geçip, pagta ýygmaly bolýandyklaryny aýdýarlar. Olar şahsy gigiýenany saklamak üçin şertleriň ýokdugyny, sowuk howada ot ýakyp, suw gyzdyryp, gije garaňkyda, ýygymdan soň çöp-çalamyň içinde ýuwunmaly bolýandyklaryny, şu şertlerde “aýak ýoluna” çykmaly bolýandyklaryny aýdýarlar” diýip, habarçy mejbury ýygyma ugradylan býujet işgärleriniň ýaşaýyş şertleri barada maglumat berdi.

“Ýygyma ugradylýan obalarda iň ýakyn dükan 10 kilometr daşlykda ýerleşýär, dermanhana umuman ýok. Şertler agyr” diýip, habarçy sözüne goşdy.

19-njy sentýabrda Azatlygyň habarçysy Nyýazow, Ýylanly we Görogly etraplarynyň ýygymçylaryndan düzülen pagtaçy toparlaryň Türkmenbaşy we Ruhubelent etraplarynda ýerleşýän obalara paýlanyp berlendigini habar beripdi.

Häzirki günlerde tutuş Türkmenistanda pagta ýygym möwsümi dowam edýär.

Halkara hukuk toparlary ýurduň pagta senagatynda mejbury zähmetden, şol sanda mejbury çaga zähmetinden peýdalanylmagyny tankyt edýär.

Türkmenistanyň kanunçylygy mejbury çaga zähmetini çürt-kesik gadagan edýär.

Hukuk goraýjylar ýurduň degişli kanunçylygynyň iş ýüzünde amal edilmeýändigini aýdýarlar.

11-nji sentýabrda Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy Nyýazow, Ýylanly, Görogly we Boldumsaz etraplarynyň oba we şäher mekdepleriniň 7-nji klasdan başlap, ähli okuwçylary [günortan] sagat 12:00-ä çenli okadylyp, soňra pagta ýygyma mejbury çekilýändigini howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde habar beripdi.

“Çagalaryň mejbury pagta ýygymyna çekilmegi soňky ýyllarda bu derejede köpçülikleýin [häsiýetde] göze ilmändi” diýip, habarçy sözüne goşdy.

Azatlyk Radiosy ýurduň pagta ýygym kampaniýasynda mejbury zähmetiň ulanylýandygy barada yzygiderli habar berip gelýär.

Ýurtdan mejbury zähmet barada habarlaryň gelip gowuşýan wagty, “Pagta kampaniýasy” atly halkara koalisiýa, “Freedom United” atly adam gaçakçylygyna we gulçulyga garşy iş alyp barýan topar, hem-de “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” proýekti Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorka etjek üstümizdäki saparynyň dowamynda, 1-nji oktýabr güni Nýu-Ýorkda protest çäresini gurnamagy meýilleşdirýär.

Halkara toparlaryň bu çäre bilen bagly ýaýradan bildirişinde Türkmenistanyň pagta senagatynda sistematiki mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy çykyş etmäge çagyryş edilýär. Onda pagta möwsüminde türkmen hökümetiniň býujet işgärlerini, mugallymlary, doktorlary we şepagat uýalaryny mejbury zähmete çekýändigi nygtalýar, hem-de çagalaryň Türkmenistanyň pagta önümçiligine mejbury gatnaşdyrylýandygyna ünsi çekilýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG