Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus Harby Akademisýasyndaky surat Skripaly zäherledi diýilýän baradaky delilleri köpeldýär


Çepde Çepiga, sagda Boşirow.
Çepde Çepiga, sagda Boşirow.

Orsýetiň Harby akademiýasynda asylyp goýlan surat Angliýadaky ozalky içalynyň zäherlenmegine dahylly diýilýän rus harby aňtaw ofiseriniň şahsyýetiniň anyklanmagyndaky delilleriň üstüne urna boldy.

Bu surat 2-nji oktýabrda, Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Rus gullugy bilen “Bellingcat” açyk-çeşme derňew saýtynyň bilelikde çap eden habarynda peýda boldy we britan häkimiýetleri tarapyndan nazara alnan we Ruslan Boşirow diýip bilinýän rus erkeginiň pasport registrasiýasy, internet suratlary we harby ýazgylary esasynda kesgitlenen ozalky maglumatlarynyň üstüni ýetirdi.

Britan häkimiýetleri mart aýynda Angliýanyň Salisburi şäherinde zäherlenen öňki rus içalysy Sergeý Skribalyň we onuň gyzy Ýulianyň janyna abanan howpuň aňyrsynda Boşirowyň we Aleksndr Petrow diýilýän adamyň durandygyny aýdýarlar.

Sowetler döwründe taýýarlanylan harby nerw agenti bolan “nowiçok” bilen zäherlenen Skripallar aman galdy.

Jenaýatda gümän edilýän iki rus erkegi, jemgyýetçilige aýan bolanlaryndan birnäçe gün soň, döwlet kontrollygyndaky rus telekanalyna, RT-ä baryp, özleriniň bary-ýogy syýahatçy bolandygyny gürrüň berdi.

Londonyň, Waşingtonyň we beýleki Günbatar ýaranlarynyň onlarça rus diplomatyny ýurtdan çykaryp kowmagyna garamazdan, Kreml özüniň bu zäherlemä ol ýa-da beýleki görnüşde dahyllydygy barada aýdylýanlary üzül-kesil ret etdi.

Emma muňa garamazdan, “Bellingcat” tarapyndan jemlenen pasport maglumatlary we beýleki deliller güman edilýän iki adamyň Orsýetiň harby aňtaw gullugyna, GRU-a baglanyşyklarynyň üstüni açdy.

Soňky geçirilen barlaglar bolsa, Boşirowyň hakyky diýilýän şahsyýetini – Uzak Gündogar harby akademiýasyny tamamlan we 2014-nji ýylda Orsýet Federasiýasynyň Gahrymany diýen medal bilen sylaglanan, GRU-nyň polkownigi çinindäki Anatoliý Çepigany ýüze çykardy.

Çepiganyň dogduk şäherinden bolan adamlaryň hem birnäçesi rus we günbatar mediasy bilen söhbetdeşlikde onuň şahsyýetini, medal bilen sylaglanandygyny tassyk etdi.

Azatlygyň Rus gullugy we “Bellingcat”, sosial-media materiallaryny ulanyp, harby akademiýada meşhur uçurymlaryň hormatyna asylyp goýlan diwar suratlaryny tapdylar.

2014-nji ýylyň iýuly bilen 2016-njy ýylyň marty aralygynda çap edilen suratlaryň birindäki surat Çegiganyňky diýlip bilindi. Bu suratda RT-ä interwiýu berende Boşirow diýip tanadylan adama örän çalymdaş erkek görünýär.

“Bellingcat” hem Çepiganyň RT-ä interwiýu beren adama gaty meňzeş görünýän diwar suratyny tapdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Maria Zaharowa Çepiga we beýleki adam barada aýdylýanlaryň Orsýeti nyşana alan “maglumat kampaniýasynyň” bir bölegidigini aýdyp, aýak depdi.

Iýunda ýene-de iki sany britan raýaty, belki-de tötänden, nerw agenti bilen zäherlendi, olaryň biri - Dawn Sturgess heläk boldy.

Mark Krutow, Sergeý Dobrynin, AÝ/AR-nyň Rus gullugynyň we “Bellingcat”​ websaýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG