Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Telegraph: Skriplallaryň işi boýunça üçünji şübheli rus harby aňtaw ofiseriniň şahsyýeti anyklandy


Sergeý Skripaly we onuň gyzy Ýuliýa

Öňki rus içalysy Sergeý Skripaly we onuň gyzyny zäherlemezden öň, gözleg-aňtaw missiýasyny amala aşyran üçünji şübheli rus harby aňtaw ofiseriniň şahsyýeti ýurduň terrorizme garşy göreşýän polisiýasy we howpsuzlyk gulluklary tarapyndan anyklandy diýip, 27-nji sentýabrda “Telegraph” gazeti habar berdi.

Şübheli rus agentiniň iki kärdeşi sowet döwründe öndürilen “Nowiçok” atly zäheri Britaniýa getirmezden öň, onuň hüjümi planlaşdyrmaga ýardam bermek üçin Selisberä gelendigine ynanylýar diýlip, “Telegraph” gazetiniň habarynda bellenilýär.

“Bu adamyň şahsyýetiniň mart aýyndaky planlaşdyrylan wakany derňeýänler tarapyndan anyklaşdyrylandygy äşgär edildi” diýip, gazet adamyň adyny köpçülige mälim etmedi.

Şu ýylyň mart aýynda amala aşyrylan hüjüm 67 ýaşyndaky Skripalyň we 34 ýaşyndaky Ýuliýanyň ençeme hepde keselhanada agyr ýagdaýda ýatmagyna sebäp bolupdy, ýöne häzir olaryň saglyk ýagdaýy kadaly.

Wakadan soň hüjümçileriň taşlap giden atyr gabyny tapan başga bir jübüdiň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşypdy. Olardan Çarliý Rowliýniň saglyk ýagdaýy hassahanada bejergi alandan soň gowulaşdy, ýöne onuň ýoldaşy 44 ýaşly Dawn Sturgess iýun aýynda aradan çykdy.

5-nji sentýabrda britan polisiýasy şübhelileriň suratlaryny ýaýradansoň, Britaniýa iki rus raýatyna garşy aýyplamalary yglan etdi.

Russiýa Skripallaryň zäherlenip, öldürilmek synanyşygyna özüniň hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny tekrarlap gelýär. Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Selisberide Skripallaryň öýüniň golaýyndaky britan gözegçilik kameralaryndan alnan suratlardaky iki adamyň syýahatçylyk saparyny amala aşyran adaty raýatlardygyny aýtdy.

26-njy sentýabrda “Bellingcat” atly derňew websaýty Britaniýa tarapyndan Skripallara nerwleri ysmaz edýän hüjümi amala aşyrmakda aýyplanýan iki orsýetliniň birini rus polkownigi Anatoliý Çepiga diýip atlandyrdy.

Çepiga Çeçenistanda gulluk etdi we oňa ýurduň iň ýokary medaly – Russiýa Federasiýasynyň gahrymany – prezident Wladimir Putiniň hut özi tarapyndan gowşuryldy diýip, “Bellingcat” websaýty “bu adamy we/ýa-da derňewleri tanaýan birnäçe çeşmäniň şübheliniň şahsyýetini tassyklandygyny” ýazdy.

Zäherlemek hadysasyndan soň Birleşen Ştatlar, Ýewropa Bileleşigi we beýlekiler Moskwa garşy sanksiýa girizdiler hem-de onuň diplomatlaryny ýurtdan çykardylar. Bu waka Russiýa bilen günbatar ýurtlarynyň arasyndaky ozaldan hem ýaramaz gatnaşyklara has-da oňaýsyz täsir ýetirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG