Kongoly ginekolog Denis Mukwege we zorlanmak pidasy bolan ýazidi aktiwisti Nadia Murad, “jynsy zorlugyň uruşda we ýaragly konfliktde ýarag hökmünde ulanylmagynyň soňuna çykmak ugrunda eden tagallalary üçin”, 2018-nji ýylyň Nobel parahatçylyk baýragyna – 1 million dollara mynasyp boldy.
Olar bu baýraga hödürlenen 331 kandidatyň arasyndan seçilip alyndy.
Mukwege öz uly ýaşdaky ömrüniň köp bölegini Kongo Demokratik respublikasynda toparlaýyn zorlanmalaryň pidasy bolanlara ýardam bermek, müňlerçe näsagy bejermek we olaryň goragynda durmak bilen geçirdi.
Murad – Yrakdaky “Yslam döwleti” toparynyň zorlama we basgylama praktikasynyň pidasy bolan 3 müň çemesi ýazidi gyzlarynyň biri bolup, özüne we beýlekilere garşy edilen sütem barada açyk çykyş etdi.