Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Un-çörek ýetmezçiligi dowam edýär: Täze gowşan WIDEOda nobata garaşýan ýüzlerçe adam görkezilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde çörek we un gytçylygy dowam edýär. 4-nji oktýabrda Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde welaýatyň etraplarynyň birindäki çörek we un satylýan dükanyň öňünde dörän nobatdan wideo ýazgy ugratdy.

Wideoda dükanyň öňünde dörän ýüzlerçe adamlyk nobat görkezilýär. Çeşmämiz wideoda görkezilýän adamlaryň çörek we un satyn almak üçin dükanyň öňünde garaşýan adamlardygyny aýtdy.

Daşoguzda ýüzlerçe adam un çörek nobatyna garaşýar.
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:07 0:00

Onuň sözlerine görä, goh-galmagally nobat 600-700 töweregi adamdan ybarat bolup, oňa dürli ýaşdaky adamlar gatnaşýar.

Goh-galmagalyň arasyndan “un”, “çörek”, “ýetäýmegi mümkin” diýen sözleri eşitmek bolýar.

Bu gürrüňlerden mälim bolşy ýaly, şeýle hem habarçynyň tassyklamagyna görä, adamlar umyt bilen, ýöne şol bir wagtyň özünde galagoplanmak bilen un-çörek nobatyna garaşýar.

Azatlyk Radiosy bu nobata gatnaşan bir ýaşaýjydan interwýu almagy başardy:

“Ir-ertirden öýlän sagat 4:00-e çenli garaşdym. Her ele 3 buhankadan satýarlar. Un satyn alan adam barada häzirlikçe eşitmedim. Un ýetmezçilik edýär” diýip, Azatlygyň gürrüňdeşi aýtdy.

Ol hususy dükanda 1 çöregiň 5 manada satylýandygyny habar berdi. Gürrüňdeşimiz un almak üçin döwlet edaralaryndan talon alýan adamlara-da özüniň şaýat bolandygyny belledi.

Wideo ýazgyda adamlaryň öz ara gürrüňde “polisiýa çagyrjak diýýärler” diýýän sözleri eşidilýär.

Azatlygyň ýurt içindäki habarçylarynyň sözlerine görä, ýurduň azyk-haryt dükanlarynyň öňünde, hem-de beýleki döwlet edaralarynyň öňünde döreýän nobatlara köplenç halatda güýç gulluklary gözegçilik edýär.

3-nji oktýabrda Azatlygyň paýtagtly habarçysy Aşgabatdaky bir bankyň şahamçasyna degişli bankomatlaryň öňünde dörän takmynan 2 ýüz töweregi adamlyk nobat barada habar berdi. Bankomat nobatyna garaşýan adamlaryň käbirleri öz aralarynda dawalaşdy. Bankyň jogapkär işgärleri polisiýa gulluklaryndan kömek soransoň, olar bankyň şahamçasyna gelip tertip-düzgüne gözegçilik etdi.

Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy bu günki wideoda görkezilýän çörek nobatyna polisiýanyň hem-de arçynlygyň işgärleriniň gözegçilik edendigini habar berdi.

“Adamlar nobata gözegçilik edýän arçyny we polisiýanyň iki işgärini urup kowup goýberdiler. MHM-niň işgärleri bolsa ýakalaşýan adamlaryň golaýyna-da baryp bilmäni, ulaglaryna münüp gaçyp gutuldylar” diýip, çeşme aýtdy.

“Adamlar gahar bilen ‘Arkadag halkyny ekläp bilmeýän bolsa işden gitsin’ diýip, organ işgärleriniň ýüzüne aýdyp başladylar” diýip, habarçy nobata garaşýan adamlaryň sözlerini getirdi.

Türkmenistanyň köpçülikleýin media we metbugat serişdelerinde ýurduň prezidentine Arkadag tituly bilen ýüzlenilýär.

Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiri 1-nji oktýabrda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýerleşýän bir azyk dükanynyň öňünde dörän başga bir un nobaty barada habar berdi.

Neşiriň makala bilen birlikde çap eden suratynda dükanyň daşky howlusynda nobata duran onlarça adamy synlasa bolýar. Makalada un nobatyna garaşýanlaryň öz aralarynda, şeýle-de dükanyň söwdegärleri bilen häli-şindi dawa-jenjelleriň ýüze çykýandygy bellenilýär.

Ýatladyp geçsek, 15-nji sentýabrda Azatlygyň ýurt içindäki çeşmesi Daşogzuň un zawodyna degişli çörek dükanlarynyň biriniň öňündäki nobatdan wideo ýazgy ugratdy. Onda nobata garaşýan adamlar dükanyň işgärine nägilelik bildirýär.

Daşoguzlylar azyk gytçylygyna nägileligini bildirýärler
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:17 0:00

Wideonyň Azatlykda çap edilmeginden birnäçe gün geçenden soň, Daşogzuň howpsuzlyk gulluklary nobata gatnaşan şol adamlary soraga çekdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berdi.

Soraga çekilenler barada Türkmenistanyň howpsuzlyk edaralaryndan kommentariý almak mümkin däl.

14-nji sentýabrda Daşoguzda başga bir dükanyň öňünde dörän çörek nobatynda ýakalaşyk bolup, onda adamlar dört il ýaşulysynyň çöregi binobat almak synanyşygyny yza serpikdirdi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerinde bular barada maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG