Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda adamlary mejbury pagta ýygymyna çykarmak dynç günlerinde hem dowam etdirilýär


Lebaply pagtacylar. Arhiw suraty
Lebaply pagtacylar. Arhiw suraty

Lebap welaýatynda adamlary mejbury ýagdaýda pagta meýdanlaryna sürmegi dowam etdirýärler diýip, Azatlygyň ýerli çeşmesi 6-njy oktýabrda habar berdi.

Golaýda Azatlygyň ýerli çeşmeleri bu welaýatda bir okuwçynyň mejbury pagta ýygymy bilen baglylykda öz janyna kast edendigini habar berdiler.

“Ýaňy oktýabr, emma meýdanda pagta eýýäm ýok diýen ýaly. Gowaça kartalaryna daşyndan seretseň, käýerde bir akja übtük görünýär” diýip, welaýatyň birnäçe etrabynda gowaça meýdanlaryna aýlanyp gelen çeşme aýdýar.

Onuň sözlerine görä, mekdep mugallymlary, lukmanlar we şepagat uýalary hatda dynç günlerinde hem pagta meýdanlaryna çykarylýar, zawodlar, kärhanalar hem öz işgärleriniň bir bölegini pagta ýygmaga ibermeli edildi.

Azatlygyň ýerli çeşmesi bilen gürrüňdeş bolan pagtaçylar gündelik ýygylmaly we harmana tabşyrylmaly pagta normasynyň hemme ýerde deň däldigini, bu meseläni her ýolbaşçynyň öz meýline görä kesgitlenilýändigini aýtdylar.

“Adatça, günde 30-50 kilogram aralygynda pagta ýygmak talap edilýär. Emma bu talaby ýerine ýetirmek mümkin däl. Hatda uzak günläp 5 kilogram pagta ýygyp bolmaýan ýerleri-de bar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran mekdep mugallymy gürrüň berdi.

Onuň pikiriçe, adamlary zoraýakdan pagta meýdanlaryna sürmek bilen, ýok ýerden pagta planynyň doldurylmajagyna hemme ýolbaşçy hem düşünýär.

“Häkimleriň esasy maksady adamlary pagta mobilizleýän bolup görünmekden ybarat, ýagny görnüş döretmeli. Olar her gün özünden ýokarky ýolbaşçylara meýdana näçe adam çykarandyklary barada maglumat iberýärler” diýip, Azatlyk bilen gürleşen lebaply lukman belledi.

Bu aýdylýanlary welaýat häkimliginiň bir işgäri hem tassyklady. Onuň Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, býujet işgärlerini mejbury pagta ýygmaga çykarmak iň ýokarky başlyk planyň doldurylandygyny yglan edýänçä dowam eder, “bu her ýyl şeýle bolýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Atlarynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşen mugallymlaryň biri “adamlar diňe gulçulyk zähmetinden däl, eýsem, gündelik talaňçylykdan hem ýadady” diýdi.

Onuň sözlerine görä, pagta ýygymyna ýaramaýan ýa diýilýän pagtany ýygyp bilmejek adamlar köplenç gündelik ýitgi çekýärler, maşgala býujetine agram salyp, 20 manat töläp, hakyna ýygymçy tutmaga mejbur bolýarlar.

Türkmenistan hukuk goraýjy guramalar tarapyndan pagta ýygymy möwsüminde çaga zähmetini, mejbury zähmeti ulanmakda yzygiderli tankyt edilýär.

Emma muňa garamazdan, ýurtda sowet ýyllaryndan gelýänplan doldurmak meselesinde, bazar ykdysadyýetine geçilendigine garamazdan,kän ilerlemebolmady.

Kärendeçiler bu ýagdaýyň ýerde, oba hojalygynda işlejek adamlaryň sanyny ýyl-ýyldan azaldýandygyny, obalardan daşary ýurtlara iş gözläp gidýänleriň köpelýändigini aýdýarlar.

Megerem şu ýagdaý sebäpli, türkmen häkimiýetleri indi pagtanyň döwlet tarapyndan satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmagy wada berýärler. Bu baradaky karara prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji oktýabrda gol çekdi.

Emma bu baha ýokarlandyrmasynyň jikme-jiklikleri aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG