Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azyk bolçulygynyň döredilendigini aýdýan Türkmenistan Gazagystandan 100 müň tonna galla satyn aldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu ýylyň başynda bäri Türkmenistan Gazagystandan 100 müň tonna gazak gallasyny satyn aldy diýip, Gazagystanyň “Habar” atly habar gullugynyň “24.kz” portaly aýdýar. Bu habar, Türkmenistanda iýul aýynda tamamlanan galla oragynyň netijeleri boýunça anyk sanlaryň mälim edilmeýän, ýurtda un ýetmezçiliginiň ýiti duýulýan mahalyna gabat geldi.

“Ýylyň başyndan bäri Gazagystan daşary ýurtlara 5 million tonnadan gowrak galla satdy. Bu san geçen ýyl bilen deňeşdireniňde 88% artdy. Alyjylaryň hataryna, uzak arakesmeden soň, Türkmenistan hem gaýtadan goşuldy. Bu ýurt 100 müň tonna galla satyn alýar” diýlip, habar portaly Gazagystanyň Un öndürijiler birleşiginiň dolandyryş bölüminiň agzasy Mukan Abdiýewe salgylanyp, habar berdi.

Türkmenistanyň resmi media serişdelerinde türkmen häkimiýetleriniň Gazagystandan galla satyn alandygy ýa-da almandygy barada häzirlikçe hiç hili maglumat göze ilmeýär.

Emma gazak resmisiniň eden bu çykyşy, Türkmenistanyň indi tapgyr ikinji ýyl döwlet tarapyndan planlaşdyrylan galla hasylyny dolup bilmän, onuň netijeleri barada anyk sanlary mälim etmeýän mahalyna gabat geldi.

Resmi metbugatda iýul aýynyň ahyrynda tamamlanan galla oragynyň netijeleri boýunça diňe töwerekläp, bugdaý meýdanlaryndan “1 milliondan gowrak hasyl ýygnaldy” diýildi. Geçen ýyl hem, türkmen daýhanlary döwlet tarapyndan planlaşdyrylan 1 million 600 müň tonna bugdaýa derek million tonna bugdaý hasylyny aldylar.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň hem-de azyk ýetmezçiliginiň fonunda, türkmen hökümeti ýurtda azyk bolçulygynyň döredilendigi barada ýygy-ýygydan habar berýär. Hatda türkmen häkimiýetleri soňky bir ýyla golaý wagtyň dowamynda ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça pudagara topar döretmek barada iki gezek karar kabul etdi. Bu kararlaryň birinjisine geçen ýylyň dekabrynda, ikinjisine şu ýylyň iýul aýynda gol goýuldy.

Emma muňa garamazdan, ýurtda azyk, hususan-da un gytçylygy dowam edýär we ýurduň käbir welaýatlarynda ýaşaýjylar bugdaýy çyg görnüşinde satyn alyp, soňy bilen ony degirmende üwedip çörek meselelerini çözmäge synanyşýarlar.

Awgust aýynyň ortasynda bolsa, Daşoguzda onsuz hem çäkli derejede berilýän uny satyn almagyň düzgünlerine goşmaça talaplar girizildi. Şonda, ýaşaýjylar her aýda adam başyna berilýän 2 kilogram uny satyn almak üçin azyndan bir aý öňünden un satylýan dükana baryp nobata ýazylmaly we şol pursatda-da indi satyn almaly unuň bahasyny töläp gaýtmaly edilipdiler.

Türkmen häkimiýetleri ýokarda gürrüňi edilýän maglumatlary ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýärler. Muňa derek, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji iýulda geçiren hökümet maslahatynda, “ýygnalyp alnan gallanyň möçberiniň ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün edýändigini tassyklaýandygyny” aýdyp, “gallanyň özümizden artyk galýan möçberini daşary ýurtlara eksport etmek bolar” diýdi.

Galyberse-de, türkmen häkimiýetleri şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan hökümet ýygnagynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, beýleki döwletlerden ýurda getirilýän harytlaryň möçberiniň 43 göterim azalandygy, Türkmenistandan beýleki döwletlere iberilýän eksport önümleriniň möçberiniň bolsa 41,5 göterim artandygy habar berdiler.

XS
SM
MD
LG