Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Inguş lideri protestlerden baş alyp çykmakda güýç däl-de dialoga ýüz urmagy Putiniň maslahat berendigini aýdýar


Protestçiler Ýewkurow bilen R. Kadyrowyň arasynda ýapyk gapylaryň aňyrsynda gol çekilen ylalaşykda Inguşetiýa degişli käbir ýer bölekleriniň Çeçenistana adalatsyzlyk bilen berilýändigini aýdýarlar.
Protestçiler Ýewkurow bilen R. Kadyrowyň arasynda ýapyk gapylaryň aňyrsynda gol çekilen ylalaşykda Inguşetiýa degişli käbir ýer bölekleriniň Çeçenistana adalatsyzlyk bilen berilýändigini aýdýarlar.

Orsýetiň Inguşetiýa regionynyň lideri prezident Wladimir Putiniň özüne Çeçenistan bilen aradaky serhedi täzeden çyzmak bilen bagly ylalaşyga garşy geçirilýän protestleriň güýç bilen basylyp ýatyrylmaly däldigini berk tabşyrandygyny mälim etdi.

14-nji oktýabrda “Eho Moskwy” (“Moskwanyň ýaňy”) radiosyna beren interwýusynda Ýunus-Bek Ýewkurow inguş paýtagty Magasda gije-gündizleýin protestleriň 4-nji oktýabrda başlan gününden bäri geçen döwrüň dowamynda Putin bilen ýeke gezek gepleşendigini aýtdy.

“Ol jaň edip ýagdaýlar bilen tanyşdy, hem-de kömek hödürledi” diýip, Ýewkurow aýtdy. Ol Putin bilen geçirilen gepleşikde protestleri soňlandyrmagyň ugurlaryny maslahat edendiklerini mälim etdi. Bu protestler Orsýetde soňky ýyllarda ýüze çykan nägilelik çäreleriniň iň tutanýerlisi bolup durýar.

Inguşetiýanyň lideri Ýunus-Bek Ýewkurow ýerli ýaşaýjylar bilen duşuşýar, 10-njy oktýabr, 2018-nji ýyl
Inguşetiýanyň lideri Ýunus-Bek Ýewkurow ýerli ýaşaýjylar bilen duşuşýar, 10-njy oktýabr, 2018-nji ýyl

Ýewkurowyň sözlerine görä, Putin mesläni parahatçylykly çözmekde “hiç hili güýç ulanmazlygy” berk tabşyrypdyr, hem-de adamlar bilen gepleşmegi maslahat beripdir.

Putin bilen Ýewkurowyň arasynda geçirilen gürrüňdeşlik barada Kreml jemgyýetçilige hiç hili beýanat ýaýratmady.

Protestçiler Ýewkurow bilen çeçen lideri Ramzan Kadyrowyň arasynda ýapyk gapylaryň aňyrsynda gol çekilen ylalaşykda Inguşetiýa degişli käbir ýer bölekleriniň Çeçenistana adalatsyzlyk bilen berilýändigini aýdýarlar. Olar Ýewkurowy wezipeden çekilmäge, hem-de 26-njy sentýabrda gol çekilen ylalaşyk boýunça referendum geçirmäge çagyrdylar. Resmiler agzalýan ylalaşygyň birnäçe gün soň, iki tarapyň regional parlamentinde-de tassyklanandygyny aýdýarlar.

Inguş kanun çykaryjylary beýle ylalaşygy özleriniň tassyklamandygyny aýdýar.

14-nji oktýabrda Ýewkurowyň edarasy maglumat ýaýradyp, häkimiýetlere “protestçileriň howpsuzlygyny üpjün etmegiň”, şol sanda olary tiz kömek we ýangyn söndüriji ulaglar bilen üpjün etmegiň tabşyrylandygyny habar berdi.

Magasda häkimiýetler aglabasy gartaşan adamlardan ybarat protestçileriň öz nägilelik çärelerine 15-nji oktýabra çenli dowam etmäge rugsat beripdi. Soňy bilen onuň gutarmaly wagty 17-nji oktýabrda çenli uzaldyldy.

Ýewkurow 4-nji oktýabrda protestçiler bilen duşuşmaga synanyşdy, ýöne ýygnanan jemende onuň üstüne topulyp, boş suw çüýşelerini zyňanda, ol gaçyp gutuldy.

Orsýetiň beýleki Demirgazyk Kawkaz regionlarynda bolşy ýaly Inguşetiýada-da garyplyk, işsizlik, korrupsiýa we yslamçy ekstremizmden ugur alýan wehimler höküm sürýär.

1994 – 2001-nji ýyllar aralygynda Çeçenistan iki seperatist urşa şaýat boldy, şeýle hem ol agzalýan döwürlerde Inguşetiýa we beýleki Demirgazyk Kawkaz respublikana tutaşan yslamçy baş-başdak gozgalaňlaryň merkezine öwrülipdi.

Inguşetiýa we Çeçenistan sowet döwründe bir administratiw regiona degişli bolup, 1992-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen region ikä bölündi.

Inguşetiýada territoriýany elden gidermek bilen bagly aladalar güýçlidir. Inguşetiýa 1992-nji ýylda ýüze çykan çaknyşyklarda jedelli Prigordny etrabyny gapdal goňşusy Demirgazyk Osetiýa gapdyrdy. Agzalýan konfliktde aglaba bölegi esasan inguşlardan ybarat 6 ýüze golaý adam wepat boldy.

Putiniň hemaýatynda ýurdy bökdençsiz dolandyrýan Kadyrowyň ýolbaşçylygyndaky Çeçenistanda ýer çalşygy barada tas gürrüň gozgalmady diýen ýaly.

Golaýda ol inguş protestçilere haýbat atyp, olaryň “jogapkärçilige çekiljekdigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG