Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Boýnumyza dakylan ekerançylyk ýeriniň girdejisi nirä gidýär?"


Illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynyň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, şol sanda mekdep mugallymlary özlerine mejbury berkidilen ekerançylyk ýerine ideg etmek üçin her aý pul töleýändiklerini, ýöne alnan hasylyň girdejisiniň nirä gidýändigi barada özlerine hiç hili maglumat berilmeýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysyna anonim şertde maglumat beren balkanly býujet işgärleriniň onlarçasynyň tassyklamagyna görä, 2017-nji ýylyň birinji ýarymyndan başlap Balkan welaýat häkimligi tarapyndan aň-bilim, saglygy saklaýyş we beýleki döwlet edara-kärhanalarynyň her birine ortaça 30 gektar ekerançylyk ýeri paýlanyp berilýär.

“Işgärleriň boýnuna mejbury dakylýan bu kärende ýerleri, esasan welaýatyň Bereket we Serdar etraplarynda ýerleşýär. Bu ekerançylyk ýerlerinde däneli ýa-da gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek talap edilýär. Ýöne “Siz däne ekişine gatnaşyp bilmersiňiz. Oňa suw tutup, tehnika idegini hem guramalaşdyryp, gözegçilik edip bilmersiňiz. Siz başga ugur boýunça işleýärsiňiz. Şol sebäpli biz siziň ýeriňize ideg eder ýaly ýörite kärendeçileri hakyna tutarys. Siz olar üçin pul tölärsiňiz” diýip, bizden edara-kärhanada işleýän adamlaryň sanyna görä, her aý 30-50 manat aralygynda pul ýygnap alýarlar” diýip, adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran bilim işgäri aýtdy.

Emma ol ekinleriň ösdürilip ýetişdirilmegi we hasylyň ýygnalyp alynmagy üçin býujet işgärleriniň “öz çagasynyň bogazyndan kesip”, her aý pul berendigini, ýöne özlerine ne 2017-nji ýylda, ne-de 2018-nji ýylda alnan hasylyň girdejisi barada maglumat berilendigini belledi.

“Şu ýyl galla hasyly tamamlanandan soň, birnäçe işgär edara ýolbaşçylaryna sowal berdi. “Biz boýnumyza dakylan ekerançylyk ýeri üçin suwçynyň, daýhanyň puluny yzygiderli töläp gelýäris. Ýöne siz bize bu ekerançylyk ýerinden näçe mukdarda galla hasylynyň ýygnanandygyny we ondan alnan girdejiniň nirä, kimiň jübüsine gidýändigini indi iki ýyl bäri aýtman gelýärsiňiz. Ekine ideg etmek, hasyly ýygnap almak biziň jübümiziň hasabyna bolýar. Näme üçin ýeriň hasylyndan bize töleg, hiç zat berilmeýär? Näme üçin onuň girdejisiniň nirä gidýändigini aýtmaga gezek gelende dymýarsyňyz” diýip sorady” diýip, balkanly býujet işgäri gürrüň berdi.

Ýöne onuň sözlerine görä, işgärleriň bu soragyna anyk jogap berilmedi. Munuň tersine, şeýle “kesgir” sowaly beren işgärler aradan birnäçe hepde geçensoň, başga sebäplere görä, eýeleýän wezipesinden boşadyldy.

Azatlyk Radiosynda ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlaryň Balkanyň haýsy edara-kärhanalarynda bolandygy barada anyk maglumatlaryň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda Balkan welaýat häkimligi bilen habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary hem häzirlikçe başa barmady.

Balkanda döwlet edara-kärhanalarynyň döwletden kärende ýerini almaga mejbur edilýändigi barada Azatlyk Radiosy mundan ozal hem habar beripdi.

2017-nji ýylyň maý aýynda Balkan welaýatynyň Serdar , Bereket we Magtymguly etraplaryndaky mekdep müdirleriniň döwletden kärendesine ýer almaga mejbur edilendigi we öňünden hiç hili duýduryş berilmezden, bu ýerleriň mugallymlaryň “boýnuna dakylandygy” habar berildi.

2016-njy ýylyň noýabrynda bolsa, Balkan welaýatynda ýerli işewürlere, hususan-da hususy dükany bolan onlarça adama kärendesine ýer almaklary we döwlet plany esasynda galla öndürmekleri üçin basyş edilýändigi barada habarlar gelip gowşupdy.

Ýerli synçylaryň we daýhanlaryň käbirleri kärende ýerleriniň döwlet tarapyndan býujet işgärlerine ýa-da işewürlere berkidilmeginiň sebäplerini welaýatda ýeri kärendesine almak isleýän adamlaryň sanynyň azlygy bilen düşündirýärler.

2013-nji ýylyň noýabr aýynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçiren maslahatynda, Balkanda gowaça ekmegi bes etmeli diýen karara gelnipdi.

Şonda türkmen hökümeti bu welaýatda gowaça derek iýmlik däne, miwe we bakja ekinleriniň ekiljekdigini aýdypdy. Emma balkanly kärendeçiler ýurtda ýeriň döwlet eýeçiliginde saklanyp galýandygyny we ekjek ekinleriniň we onuň satuw bahasynyň henizem döwlet tarapyndan kesgitlenýändigini aýdyp, öz isleýän ekinlerini ýetişdirmek mümkinçilikleriniň örän çäklidigini belleýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG