ABŞ-nyň resmileri Owganystanyň gündogarynda – milli saýlawlaryň geçirilmegine iki gün galanda – täsirli polisiýa başlygynyň öldürilmegini ýazgaryp, owganlary özlerini gorkuzmaga rugsat bermän, saýlaw uçastoklaryna barmaga çagyrdylar.
ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis Gandagaryň polisiýa başlygy general Abdul Razikiniň öldürilmegini “bir watançynyň pajygaly ýitgisi” diýip, atlandyrdy. Maglumata görä, Razikini öz janpenasy atypdyr.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo hem Razikiniň we hüjümde heläk bolan başga-da bir ýokary derejeli owgan resmisiniň öldürilmegini ýazgardy. Ol “Talybanyň” zalymlyk bilen adamlaryň howuny basmak ugrundaky synanyşyklaryna garamazdan, owganlary özleriniň hakyky maksatlaryna ygrarly galmaklaryna çagyrdy.
“Talyban” jeňçileri owganlary parlament saýlawlaryna gatnaşmazlyga çagyrypdylar.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!