ABŞ-nyň Ukraina boýunça ýörite wekili Kurt Wolker – Moskwanyň Ukrainadaky saýlawlaryň netijesinde käbir üýtgeşmelere garaşýandygyna çalym edýändigi üçin – Ukrainanyň gündogaryndaky konflikti bes etmek boýunça öňegidişlikleriň boljakdygyna garaşmaýandygyny aýtdy.
“Meniň pikirimçe, ruslar Ukrainadaky saýlawlaryň netijelerine, soňy bilen näme boljakdygyna garaşýarlar. Belki-de, ýagdaýlar Russiýanyň haýryna üýtgemegi mümkin. Men olaryň mundan peýdalanjakdygyny çaklaýaryn” diýip, Wolker Waşingtonda Atlantik Geňeşiniň mejlisinde çykyş etdi.
Mundan öň, prezident Wladimir Putin Soçide çykyş edip, 31-nji martda geçirilmeli Ukrainanyň prezidentlik saýlawlarynyň netijesinde Russiýa has dostlukly hökümetiň orta çykmagynyň mümkindigini aýdypdy.