Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda Visa kartlarynyň ‘29 müňüsi petiklendi’


Illýustrasiýa suraty

Fewral aýynyň ortalarynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky öz müşderileri üçin çykaran ortaça 30 müň Visa bank kartlarynyň 29 müňüsini petikledi diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri ýazýar.

Читайте также на русском

Neşir 27-nji martda taýýarlan maglumatynda, bu petiklemäniň netijesinde, Visa bank kartlaryna eýe bolan türkmenistanlylaryň 96%-den gowragynyň bu kartlary daşary ýurtlarda ulanyp bilmeýändigini aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde, neşir Türkmenistanyň bank ulgamyndaky çeşmelerine salgylanyp, Visa bank kartlaryndan diňe prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasyna ýakyn we saýlanan biznesmenleriň hem-de adamlaryň peýdalanyp bilýändigini belleýär.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar we anyk sanlar dogrusynda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyndan nähilidir bir kommentariý almak başartmady. Emma bu maglumat türkmen banklary tarapyndan Visa bank kartlaryndan peýdalanmagyň ýatyrylandygy we daşary ýurtlara sapar edýän türkmenistanlylaryň bu kartlar arkaly nagt ýa-da nagt däl amallary amala aşyryp bilmeýändigi baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

7-nji martda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan bir türkmenistanly daşary ýurtda özüniň Visa kartyndaky pullaryndan hiç hili peýdalanyp bilmändigini, ýurda gelende kartynyň bank tarapyndan petiklenendigini bilip galandygyny gürrüň berdi.

“Daşary ýurda çykanymda [VISA] kartymdaky 4 müňe golaý manatdan bir manadam ulanyp bilmedim. Türkmenistana gelenimde ýerli bankomatlardan hem puly nagtlaşdyryp bilmedim. Wneşekonoma [Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky – red.] baranymda, kartymyň petiklenendigini aýtdylar” diýip, özüni Gülruh diýip tanyşdyran bir gelin 1-nji martdan başlap, kimiň kart hasabynda 2 müň ýa-da ondan hem köp manady bolsa, olaryň kartlarynyň hem bank tarapyndan petiklenendigini belledi.

Mundan bir aý çemesi öň, has takygy 23-nji fewralda atlarynyň efirde agzalmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we Senagat bankynyň jogapkär resmileri Visa bank kartlaryna pul salmak we bu serişdeden daşary ýurtlarda peýdalanmak düzgünleriniň togtadylandygyny habar beripdi.

Şonda bank resmileri ýanwar aýynyň ikinji ýarymyndan bäri Visa bank kartlarynda öňden bar bolan pul serişdeleriniň hem häzirlikçe doňdurylandygyny aýdypdylar.

Bu habardan birnäçe gün soň, ýagny 27-nji fewralda “Visa Global Holdings LLC” kompaniýasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça baş dolandyryjysy Galym Tabyldiýew Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, Türkmenistanyň banklary tarapyndan çykarylan Visa bank kartlaryndan peýdalanmagyň ýatyrylandygy baradaky maglumatlary ret edipdi.

“Visa Türkmenistanda tranzaksiýalary, ýagny bank amallaryny ýerine ýetirmegi we ähli partnýor banklaryny kadaly režimde hyzmatlar bilen üpjün etmegi dowam etdirýär. Biz Türkmenistanyň banklaryna hödürleýän hyzmatlarymyzy togtatmadyk we töleg ulgamynyň durnukly işlemegini üpjün etmek maksady bilen hyzmatdaş banklarymyz, söwda-hyzmat kärhanalary we beýlekiler bilen ysnyşykly işleşýäris” diýip, Tabyldiýew Azatlyk Radiosyna ugradan ýazmaça beýanatynda belläpdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri ýurtda dollaryň satuwyny we daşary ýurda ugradylmagyny çäklendireninden soň, Visa kartlary ýurduň daşyndaky türkmenistanlylaryň daşary ýurt walýutasyndan peýdalanmagynyň ýeke-täk ýoly bolupdy. Resmiler kartlardan gündelik nagtlaşdyryp bolýan puluň möçberini 50 dollara, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini bolsa 200 dollara çenli çäklendiripdi.

“Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň resmilerinden anyk maglumat almaga barýan adamlaryň sanynyň ýüzlerçedigini aýdyp, bu ýere baranlaryň bir sagatdan hem köp nobata durmaly bolýandygyny we bu ýagdaýyň käbir adamlara täze gazanç çeşmesini döredendigini hem belleýär.

“Türkmenistanda meşhur saýtlaryň biri “Vestniktmdaky” bildirişlerde, raýatlara bankyň öňünde nobata durup bermek teklip edilýär. Munuň üçin adamlaryň 40 ýa-da ondanam köp manat möçberinde pul tölemelidigi aýdylýar” diýlip, neşiriň maglumatynda nygtalýar.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky öz müşderilerine döwrüň öňdebaryjy mümkinçiliklerini hödürleýändigini resmi websaýtynda habar berýär. Şeýle-de, bank VISA kartlarynyň “pul serişdeleriniň howpsuzlygyna, islendik bankomatda, şol sanda ýurduň daşynda, puly nagtlaşdyrmaga, tutuş dünýäniň millionlarça söwda nokadynda tölemäge” kepil geçýändigini nygtaýar.

Türkmenistanlylaryň Visa töleg kartlary bilen baglanyşykly kynçylyklary indi köp wagtdan bäri dowam etse-de, türkmen häkimiýetleri bu barada häzire çenli resmi düşündiriş bilen çykyş etmän gelýärler. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Merkezi bankyndan resmi kommentariý almak synanyşyklary hem netije bermeýär.

Teswirleri gör (6)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG