Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Prezident rektorlardan “durmuşyň hilini gowulandyrmak” boýunça teklip sorady, Aşgabatdan regionlara azyk äkidýän sürüjilere jerime salynýar


Türkmenabadyň ýaşaýjylary döwlet dükanynyň öňünde un nobatyna garaşýar, oktýabr 2018

Türkmenistanyň prezidenti Ministrler Kabinetiniň 19-njy oktýabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde beýleki resmiler bilen birlikde, ähli ýokary okuw jaýlarynyň rektorlaryny ýygnap, ýurduň agyr ykdysady krizisi we maliýe ýetmezçiligini başdan geçirýän döwri, olara durmuşyň hilini gowulandyrmak boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory Myradowa ýüzlenip, bu ýokary okuw jaýynyň alymlarynyň we mugallymlarynyň netijeli tekliplerini taýýarlamak boýunça işleri çaltlandyrmak gerek diýip, belledi.

Prezident degişli resmilere beren tabşyrygynda Halk Maslahatynda oba hojalyk pudagy boýunça kabul edilen çözgütlere salgylanypdyr.

Ol ýokary okuw jaýlarynyň ylmy işgärlerine ýurtda dürli ugurlarda amala aşyrylýandygy aýdylýan “düýpli özgertmeleriň ähmiýeti barada” köpçülikleýin media serişdelerinde üznüksiz çykyş etmegi ýene-de bir gezek tabşyrdy.

Berdimuhamedow indi soňky iki hepdäniň içinde yzly-yzyna ikinji gezek ýurtda gazanylandygy aýdylýan “ösüşleriň we özgertmeleriň” mediada wagyz edilmegini talap edýär.

Ol 12-nji oktýabrda geçiren hökümet maslahatynda ýurduň “galla garaşsyzlygynyň” mediada wagyz edilmegini, şondan bir hepde soňra 19-njy oktýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bolsa, ýokary bilim edaralarynyň ylym işgärlerinden ýurtdaky “düýpli özgertmeler” barada mediada yzygiderli çykyş etmeklerini talap etdi.

Türkmenistanda beýleki resmiler bilen bir hatarda rektorlardan durmuşyň hilini gowulandyrmak boýunça teklip talap edilýän wagty, ýurtdan gelip gowuşýan habarlara görä, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri barha ýaramazlaşýar.

Türkmenistan eýýäm tertip iki ýyl bäri döwlet tarapyndan kesgitlenen galla planyny dolup bilmän gelýär. Ýurduň dürli künjeklerindäki döwlet dükanlarynda, beýleki möhüm azyk harytlary bilen birlikde, ýerli öndürilen un, çörek önümleri ýa düýbünden ýok, ýa-da juda çäkli derejede satylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän unuň bahasy hem dowamly gymmatlaýar.

Ýurduň käbir regionlarynda döwlete degişli un-çörek satylýan dükanlaryň öňünde uzyn nobatlar döreýär.

Türkmenabadyň ýaşaýjylary döwlet dükanynyň öňünde un nobatyna garaşýar, oktýabr 2018
Türkmenabadyň ýaşaýjylary döwlet dükanynyň öňünde un nobatyna garaşýar, oktýabr 2018

Ýurduň welaýatlarynda ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýaramazlaşmagy käbir welaýat ýaşaýjylarynyň azyk önümlerini satyn almak üçin Aşgabada gatnap başlamaklaryna alyp geldi.

Munuň netijesinde, paýtagtdan welaýatlara azyk äkidýän sürüjilere polisiýa işgärleri jerime salýar diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 22-nji oktýabrda habar berdi.

Neşiriň maglumatynda Aşgabatda azyk önümleriniň üpjünçilik ýagdaýynyň gowulaşandygyna ünsi çekilýär.

“Emma häzir paýtagt tarapdan gelýän region nomerli maşynlary polisiýa saklap, barlagdan geçirýär. Eger awtomobilden döwlet dükanlaryndan satyn alnan azyk önümleri tapylsa, hukuk goraýjylar munuň gadagan edilendigini aýdyp, jerime tölenmegini talap edýärler” diýip, neşir ýazýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan käbir aşgabatlylar paýtagtyň etegindäki etraplarda ýaşaýan dogan-garyndaşlaryna azyk önümlerini paýtagtdan satyn alyp, olara ugratmak boýunça ýardam berýändigini habar berýärler.

Türkmenabadyň ýaşaýjylary döwlet dükanynyň öňünde un nobatyna garaşýar, oktýabr 2018
Türkmenabadyň ýaşaýjylary döwlet dükanynyň öňünde un nobatyna garaşýar, oktýabr 2018

Azatlygyň daşoguzly habarçysy 22-nji oktýabr güni gizlinlik şertlerinde beren maglumatynda welaýatda un gytçylygynyň dowam edýändigini tassyklady. Ol Daşoguzda beýleki käbir oba hojalyk önümleriniň, şol sanda ýeralmasynyň bahasynyň gymmatlaýandygyny sözüne goşdy.

Resmi metbugat geçen hasyl möwsüminde Daşoguz welaýatynyň kärendeçileriniň özlerine bölünip berlen 3 müň 400 gektarlyk ýerden 40 müň tonnadan gowrak kartoşka hasylyny ýygnandyklaryny habar berdi.

Onuň 1 kilogramynyň bahasy häzirki wagtda welaýatyň bazarlarynda 9 manada çykdy diýip, habarçy aýtdy.

Azatlygyň habarçysy soňky maglumatynda Daşogzuň Görogly etrabynda hem-de Daşoguz şäherinde pensiýa we un nobatynda adamlaryň arasynda ýakalaşyklaryň häli-şindi ýüze çykýandygyny belleýär.

Ýurduň döwlet eýeçiligindäki media serişdelerinde agzalýan kynçylyklar barada gürrüň gozgalmaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG