Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pagtaçylary daşaýan awtobus Aşgabadyň eteginde ýol hadysasyna uçrady – “Türkmenistanyň hronikasy”


Türkmenistanda ýolda barýan awtobus. Illýustrasiýa suraty.

21-nji oktýabr güni irden adamlary pagta meýdanyna alyp barýan awtobus kerweni Aşgabadyň eteginde ýol hadysasyna uçrady, 20-ä golaý adam Köşüdäki täze hassahananyň trawmatologiýa, ýagny döwük-ýenjik bölümine ýerleşdirildi diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” habar berýär.

Türkmenistanda häzirki günlerde pagta ýygym möwsümi dowam edýär.

Býujet işgärleri köpçülikleýin pagta meýdanlaryna çekilýär.

Munda ozal, sentýabryň başynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde pagtaçylary daşaýan awtobus heläkçilige uçrady.

Türkmenabat şäherinde mugallymlary pagta ýygmaga alyp barýan awtobus Nissan Versa kysymly ýeňil maşyn bilen çakyşyp agdaryldy diýip, Azatlygyň Lebap welaýatyndaky çeşmesi sentýabryň başynda habar berdi.

Bu hadysa 31-nji awgust güni irden sagat 7 töwereklerinde Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda, 62-nji çagalar bagynyň golaýynda bolup, onda “Gaz 53” kysymly awtobus Türkmenabat şäheriniň 29-nji mekdebiniň işgärlerini we 20-den gowrak mugallymyny pagta ýygymyna alyp barýardy.

Azatlygyň ýurt içindäki çeşmesi Türkmenabatda bolan ýol hadysasyndan soňra agzalýan mekdebiň mugallymlarynyň belli bir wagta çenli ýygyma çekilmändigini, ýöne wakadan 1 hepdeden gowrak wagt geçenden soň, olaryň täzeden ýygyma çekilip başlanandygyny habar beripdi.

Halkara hukuk goraýjy toparlar Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň ulanylmagyny yzygiderli tankyt edýär.

Ýöne ýurtdan gelip gowuşýan habarlardan mälim bolşuna görä, häkimiýetler mejbury zähmetden el çekmeýär.

Oňa derek ýurduň döwlet eýeçiligindäki media serişdelerinde ýurtda dowam edýän pagta möwsüminiň depgini barada efire berilýän wideo reportažlarda “meýletin” ýygymçylaryň “ýokary ruhubelentlikde”, arakesmelerde kitap okap, şeýle-de sungat işgärleriniň çykyşlaryna tomaşa edip, pagta ýygýandygy öňe sürülýär.

Pagtaçylary daşaýan awtobusyň Aşgabadyň eteginde ýol hadysasyna uçramagy barada döwlet metbugatynda habar berilmeýär.

Mundan ozal, sentýabr aýynda Türkmenabat şäherinde bolan ýol heläkçiligini hökümetçi websaýt içeri işler ministrliginiň metbugat merkezi diýilýäne salgylanyp, ret edipdi.

Türkmenistanda kärendeçilere döwlet plan borçnamasy esasynda gowaça ekdirmek tejribeleri onýyllyklaryň dowamynda saklanyp gelýär.

Soňky aýlarda türkmen prezidenti ýurduň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler bilen bagly öz nägileliklerini beýan etdi.

Ol 25-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisinde ýurduň oba hojalyk pudagyny özgertmek boýunça käbir çözgütleri hödürledi.

Olaryň hatarynda ýurt boýunça kärendeçilere bölünip berilýän ýerleriň azyndan 70 göterimine gowaça we bugdaý ekmek, galan 30 göterimine beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek barada teklip hödürlenildi.

Şeýle-de, 5-nji oktýabrda prezident Berdimuhamedow gallanyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak barada karara gol çekdi.

Täze karara laýyklykda, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy öňküsinden 50 göterim ýokary göterildi.

Bu karar ýygymçylara şu ýylyň pagta möwsüminde täsir etse-de, kärendeçi ýer eýelerine 2019-nji ýylyň hasylyndan başlap güýje girýär.

Türkmenistanda bu ýyl, resmi maglumata görä, 545 müň gektar ýere gowaça ekildi we 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny almak planlaşdyrylýar.

Döwlet eýeçiligindäki maglumat serişdelerinde pagta möwsüminde mejbury zähmetiň ulanylmagy barada ýagşydan-ýamandan kelam agyz gürrüň edilmeýär.

1-nji oktýabr güni halkara hukuk goraýjy guramalar prezidentiň saparyna gabatlap, BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş binasynyň öňünde Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda dowam edýän mejbury zähmete protest bildirmek maksady bilen nägilelik çäresini geçirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG