Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabat: mugallymlary pagta alyp barýan awtobus ýeňil maşyn bilen çakyşdy


 Lebap, köçä dökülen pagta. Arhiw suraty.
Lebap, köçä dökülen pagta. Arhiw suraty.

Türkmenabat şäherinde mugallymlary pagta ýygmaga alyp barýan awtobus ýeňil maşyn (Nissan Versa) bilen çakyşyp agdaryldy diýip, Azatlygyň Lebap welaýatyndaky çeşmesi 1-nji sentýabr güni giçlik habar berdi.

Bu waka Türkmenistanyň prezidentiniň ýurduň Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 5-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda 16-njy sentýabrda köpçülikleýin pagta ýygymyna girişmek barada “ak pata” bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Tejribeden belli bolşuna görä, Türkmenistanda pagta ýygymy ýa-da daýhanlardan başga adamlary hem pagta ýygymyna mejbury çekmek hakykatda pagta ýygymy resmi taýdan başlanmazyndan öň başlanýar we plan doldy diýlenden soň hem dowam etdirilýär.

Ýöne muňa garamazdan, bu döwürde bolýan ýol hadysalary, beýleki heläkçilikli wakalar, adam pidalary barada türkmen metbugatynda habar berilmeýär.

Türkmenabatdaky ýol hadysasy 31-nji awgustda, ir sagat 7 töwereginde, Bitarap Türkmenistan (ozalky Kastandowa) köçesinde, 62-nji çagalar bagynyň golaýynda boldy.

Ýol hadysasynda hiç bir adamyň heläk bolmandygy aýdylýar, ýöne awtobusdaky ýolagçylaryň köpüsi çynlakaý ýaralandy diýen maglumat bar.

Çeşmäniň sözlerine görä, Türkmenabat şäheriniň 29-njy mekdebiniň adamlary, 20-den gowrak mugallym we beýleki işgärler “Gaz 53” markaly awtobusda pagta ýygymyna barýardy. Ýaraly bolanlar derhal hassahana ýerleşdirildi, wakanyň bolan ýerine derrew birnäçe “Tiz kömek” maşyny geldi.

Şaýatlaryň gürrüň bermeklerine görä, ýol hadysasyna köçe hereketini sazlaýan çatryk çyralarynyň – swetoforlaryň näsazlygy sebäp boldy, çünki olar çatrygyň iki tarapyndakylara hem ýaşyl çyra yşaratyny beripdir. Şu sebäpden hem maşynlar uly tizlikde çakyşyp, hem awtobus, hem ýeňil maşyn ýoluň gyrasyna zyňlypdyr.

Aýdylmagyna görä, mekdep işgärlerini pagta ýygymyna alyp barýan awtobuslar iki ekeni we bu bolan ýol hadysasyndan soň, ikinji awtobusdaky mugallymlary pagta ýygmakdan boşadyp, derrew öýlerine ugradypdyrlar. Olara bolan waka barda hiç kime hiç zat aýtmazlyk tabşyrylypdyr.

Bazar ykdysadyýetine geçilýär diýilýän döwürde sowet ýyllaryndan galan we ýokardan kesgitlenilýän pagta plany praktikasynyň saklanyp galmagy ýurtda suwuň bisarpa ulanylmagynyň, ýerleriň şorladylmagynyň, ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygynyň peselmeginiň dowam etmegine alyp gelýär diýip, ýerli hünärmenler aýdýarlar.

Sowet ýyllarynyň tejribesinden mälim bolşy ýaly, ýokardan berilýän pagta planlaryny doldurmak, käýinje galmazlyk maksady bilen hakykatda gowaça ekmek üçin bölünip berilýän ýerden has kän meýdana gowaça ekmeli bolýardy we ol gowaçalary suwarmak üçin has kän suw harçlanýardy.

Munuň üstesine, berilýän plany doldurmak üçin adam güýji hem ýeterlik bolmaýardy. Şu hem pagta ýygymyna mekdep okuwçylarynyň, studentleriň, mugallymlaryň, saglyk işgärleriniň we beýlekileriň çekilmegine, pagtaçylygyň mejbury zähmetiň we korrupsiýanyň çuň ornaşan pudagyna öwrülemgine alyp gelýär diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ahally agranom Azatlyk radiosyna aýtdy.

Emma muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri döwletiň daýhanlaryň öndürijilikli işlemegi üçin ähli şerti döredýändigi aýdýarlar.

Azatlyk radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan daýhanlar bu aýdylýarlary inkär edýärler. Olaryň tassyklamagyna görä, şertler ýaramaz, döwlet önüm satyn alyş nyrhlaryny ýyllarboýy üýtgetmeýär, netijede kärendesine ýer alyp, maşgala eklemek ýyl-ýyldan kynlaşýar, ýaşlar barha kän daşary ýurtlara gazanç gözlegine gitmäge mejbur bolýar.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistany oba hojalygynda mejbury zähmeti saklap galmakda, çaga zähmetini ulanmakda tankyt edýärler.

Türkmenistanda bu ýyl, resmi maglumata görä, 545 müň gektar ýere gowaça ekildi we 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny almak planlaşdyrylýar.

XS
SM
MD
LG