Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümetçi neşir azyk gytçylygyny inkär edip, “bolçulygyň” suratlaryny paýlaşdy


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda iýmit önümleriniň, hususan-da un-çöregiň gytçylygy we gymmatçylygy dowam edýän wagty, “Arzuw” atly hökümetçi neşir ýurduň azyk ýetmezçiligini inkär edip, maglumat çap etdi.

Arzuw taýýarlan habarynyň azyk gytçylygy barada garaşsyz habar çeşmelerinde çykýan maglumatlary ýalana çykarmagy maksat edinýändigini öňünden gytaklaýyn mälim edýär.

Neşir alyjysyz dükanlarda düşürilen suratlardaky söwda tekjelerinde görkezilýän azyk harytlaryň müşderilere elýeterli bahadan satylýandygyny öňe sürýär.

“Arzuwyň” maglumatynda paýtagtyň bazarlarynda “ilkinji nobatda zerur bolan azyk önümlerini bazaryň ortaça nyrhyndan 2-3 esse arzan bahadan berýän ýöriteleşdirilen döwlet arzanladyş (aksion) nokatlarynyň” bardygy aýdylýar.

Türkmenistanyň hronikasy” neşiri hökümetçi saýtyň habaryna syn edip, ondaky käbir maglumatlaryň ýurtda dowam edýän gymmatçylygy tassyklaýandygyny aýdýar.

“Neşiriň žurnalistleri [...] krisiz başlanandan soň nyrhlaryň birden pesinden “2-3 esse” ýokary galandygy baradaky habarlary tassyk edýär” diýip, “Hronika Türkmenistan” ýazýar.

Parahat etrapçasynda düşürilen surat, oktýabr, 2018-nji ýyl
Parahat etrapçasynda düşürilen surat, oktýabr, 2018-nji ýyl

Türkmenistanda iki görnüşli söwda dükanlary bolup, olaryň biri döwlete degişli, beýlekisi hususy dükanlardyr. Döwletiň dükanlarynda harytlar resmi derejede kesgitlenen bahadan satylýar, ýöne ýurtda walýutanyň gara bazardaky bahasynyň resmi kurs bilen deňeşdireniňde telim esse ýokarlanmagy bilen hususy dükanlardaky nyrhlar hem galdy.

Türkmenistanyň Merkezi bankynda 1 dollaryň bahasy 3.5 manatlygynda galýar.

25-nji oktýabrda Azatlygyň habarçysy ýurduň demirgazyk we gündogar regionlarynda dollaryň resmi bolmadyk bahasynyň häzirki günlerde 21-22 manat aralygyndadygyny habar berdi.

Türkmenistanda hökümete tarapdarçylyk edýän internet neşirleri, şol bir wagtyň özünde döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri iýmit önümleriniň suratlaryny we wideolaryny häli-şindi köpçülige ýetirip durýar.

Ilat tertip iki ýyl bäri azyk harytlaryň, hususan-da un we çöregiň ýetmezçiliginden ejir çekýär.

Döwlete degişli dükanlaryň öňünde uzyn nobatlar emele gelýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar un-çörek satyn almak üçin ýurduň käbir regionlarynda ýerleşýän döwlet dükanlarynyň öňünde ir ertirden giç öýläne çenli garaşmaly bolýandyklaryny gürrüň berýärler.

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň ýiti ykdysady krizislerinden birini başdan geçirýär.

Döwlet emeldarlary we hökümet resmileri bu ýagdaýy tassyklamaýar.

Ýöne soňky 10 aýyň dowamynda hökümet baştutany karara gol çekip ýurtda “Azyk bolçulygyny” döretmek maksady bilen, iki gezek ýörite topar döretdi.

Olaryň birinjisi geçen ýylyň 8-nji dekabrynda döredildi. Prezidentiň gol çeken degişli kararynda toparyň ýurtda Azyk howpsuzlygyny üpjün etmegi maksat edinýändigi bellenilýär.

Parahat etrapçasyndaky azyk dükanynda düşürilen surat, 23-nji oktýabr, 2018-nji ýyl
Parahat etrapçasyndaky azyk dükanynda düşürilen surat, 23-nji oktýabr, 2018-nji ýyl

​5-nji iýulda döredilen pudagara toparyň hem ýurduň içerki bazarlarynda azyk harytlarynyň bolçulygyny artdyrmagy maksat edinýändigi habar berilýär.

Beýleki bir tarapdan, Azatlyk Radiosyna sentýabr we oktýabr aýlarynda gowşan wideolarda ýurduň demirgazyk welaýatyndaky döwlete degişli azyk dükanlarynyň öňünde dörän nobatdan wideo görnüşler görkezilýär.

Azatlygyň regiondaky çeşmesi 4-nji oktýabrda ýetiren maglumatynda döwlete degişli un-çörek dükanlarynyň biriniň öňünde dörän nobata 600-700 töweregi adamyň gatnaşandygyny habar berdi.

Ýurt içindäki beýleki bir habarçymyz 25-nji oktýabrda iberen maglumatynda golaýda Türkmenabat şäherinde ýerleşýän döwlet dükanlarynyň biriniň öňünde un-çörek satyn almak üçin 250-300 adamlyk nobatyň dörändigini habar berdi.

Lebap we Daşoguz welaýatlarynda Orsýetden getirilen unuň 1 kilogramynyň bahasy 20 manada çykdy.

Aşgabat şäherinde Gazagystanda öndürilen unuň 1 kilogramy 8 manat 50 teňňeden, Orsýetden import edilen unuň 1 kilogramy 12 manat 50 teňňeden müşderilere satylýar.

Türkmenistanda ýerli önümçilige degişli unuň bahasy 2 manatlygynda saklanyp galýar.

Hökümete ýakyn saýtyň soňky habarynda ýurduň paýtagtyndaky “azyk bolçulygy” habar berilýär. Onda welaýatlardaky ýagdaýlardan söz açylmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG