Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Un gytçylygy dowam edýär: Türkmenabatdaky dükanlaryň birinde ýüzlerçe adamlyk nobat döredi


Türkmenabadyň döwlete degişli azyk dükanlarynyň biriniň öňünde dörän un-çörek nobaty, oktýabr aýy, 2018-nji ýyl (Illýustrasiýa suraty)

Daşoguz we Lebap welaýatynyň bazarlarynda un gytçylygy dowam edýär. Agzalýan regionlaryň bazarlaryna we beýleki söwda nokatlarynda ýerli önümçilige degişli un düýbünden tapdyrmaýar. Türkmenabat şäherinde ýerleşýän döwlete degişli azyk dükanlarynyň öňünde çörek we un satyn almak üçin uzyn nobatlar döreýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde 25-nji oktýabrda maglumat berdi.

“Ýerli un dükanlarda asla ýok. Orsýetde öndürilen unuň 1 kilogramy 20 manada çykdy” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda ýerli önümçilige degişli unuň 1 kilogramynyň döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasy 2 manatlygynda saklanyp galýar.

“Düýn [24-nji oktýabrda] Türkmenabat şäherinde un we çörek satylýan döwlete degişli dükanlaryň biriniň öňünde 250-300 adamlyk uzyn nobat döredi” diýip, habarçy belledi.

Onuň sözlerine görä, uzyn nobatlara garaşmaga mejbur bolýan ýerli ýaşaýjylar özara dawa-jenjele baş goşýar.

Türkmenabadyň döwlet dükanlarynyň biriniň öňünde dörän un-çörek nobaty, oktýabr 2018-nji ýyl
Türkmenabadyň döwlet dükanlarynyň biriniň öňünde dörän un-çörek nobaty, oktýabr 2018-nji ýyl

“Adamlar bir-birine göwün syndyryjy sözler aýdyp dawalaşdylar. Olary polisiýa güýçleri aralamaly boldy, ýöne adamlar şonda-da dargamady” diýip, habarçy dükanyň öňündä dörän uzyn nobatda bolan wakalar barada habar berdi.

Türkmenistanda tertip iki ýyl bäri azyk önümleriniň, hususan-da un-çöregiň gytçylygy barha ýitileşip dowam edýär.

25-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtyň söwda nokatlarynda satylýan Gazagystanda öndürilen unuň 1 kilogramynyň bahasynyň 8 manat 50 teňňä, Orsýetde öndürilen unuň 1 kilogramynyň bahasynyň 12 manat 50 teňňä deňdigini habar berdi.

Döwlet emeldarlary ýurtda dowam edýän ykdysady krizisi tassyklamaýar.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar ýurduň bazarlarynda dowam edýän azyk gytçylygyndan şikaýat edýärler.

Ýurduň regionlarynda ýerleşýän döwlete degişli azyk dükanlarynyň öňünde ýüzlerçe adamlyk un-çörek nobatlary döreýär.

Oktýabryň başynda Azatlyk Radiosyna gelip gowşan wideoda Daşoguz welaýatynyň etraplarynyň birinde ýerleşýän döwlete degişli azyk dükanynyň öňünde dörän 600-700 adamlyk un-çörek nobaty görkezilýär.

Daşoguzda ýüzlerçe adam un çörek nobatyna garaşýar.
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:07 0:00

Wideodan mälim bolşuna görä, adamlar öz aralarynda polisiýa gulluklarynyň nobat gözegçiligine gatnaşdyrylýandygy barada gürrüň edýär.

​Türkmenistanda iýmit önümleriniň, hususan-da un çöregiň dowam edýän gytçylygy barada beýleki garaşsyz habar serişdeleri hem maglumat berýär.

“Türkmenistanyň hronikasy neşiri” 22-nji oktýabrda ýurduň paýtagtynda azyk önümleriniň degişlilikde tapdyrýandygyny, ýöne paýtagtdan regionlara iýmit önümleriniň äkidilmegine polisiýa gulluklarynyň rugsat bermeýändigini habar berdi.

“Häzir paýtagt tarapdan gelýän region nomerli maşynlary polisiýa saklap, barlagdan geçirýär. Eger awtomobilden döwlet dükanlaryndan satyn alnan azyk önümleri tapylsa, hukuk goraýjylar munuň gadagan edilendigini aýdyp, jerime tölenmegini talap edýärler” diýip, neşir ýazýar.

Türkmen prezidenti 12-nji oktýabrda geçiren hökümet maslahatynda ýurtda galla garaşsyzlygynyň gazanylandygyny öňe sürüp, döwletiň media serişdelerine gazanylandygy aýdylýan ösüşleri wagyz etmegi ýene-de bir gezek tabşyrdy.

Şeýle-de ol Ministrler Kabinetiniň soňky mejlisleriniň birinde ýokary okuw jaýlarynyň rektorlaryna ýurtda durmuşyň hilini gowulandyrmak boýunça teklip taýýarlamagy tabşyrdy.

Türkmenistandaky ykdysady krizisiň barha ýitileşmegi bilen, ýurduň köpçülikleýin media serişdelerinde döwlet syýasatynyň wagzy yzygiderli tekrarlanýar.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG