Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Moskwa sudunyň garaşsyz neşire salan uly jerimesini ýazgardy


ÝHHG-niň media-azatlygy boýunça wekili Harlem Desir

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) media-azatlygy boýunça wekili Moskwa sudunyň garaşsyz “The New Times” internet-neşirine garşy girizen “çenden aşa” maliýe jerimesini ýazgaryp, beýanat ýaýratdy.

Harlem Desir rus resmilerine ýüzlenip, media azatlygyny we pikir köp dürlüligini goramaga çagyrdy.

Mundan bir gün öň, Moskwanyň Twerskoý etrap sudy “The New Times” neşirine garşy 22 million 250 müň rubl, ýagny 339 müň dollar, şeýle-de neşiriň web-redaktory Ýewgeniýa Albatsa garşy 30 müň rubl, ýagny 457 dollar möçberinde maliýe jerimesini salypdy.

Neşir Russiýanyň “daşary ýurt agentleri” kanunynyň göz öňünde tutýan maliýe hasabat beriş düzgünlerini hamana berjaý etmezlikde günäli tapylypdyr.

Desir suduň karary şikaýat edilende, hökümiň aradan aýryljakdygyna umyt bildirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG