Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gürjüstanda prezident saýlawlary geçýär


Gürji ses berijileri ýurduň prezidentini saýlaýarlar.

Gürji ses berijileri prezidentlik saýlawlarynda ses berýärler.

Bu saýlawlaryň netijesinde Gürjüstanyň başyna, Kawkaz döwletleriniň arasynda ilkinji bolup, aýal prezidentiň geçmegi mümkin.

Ýekşenbe güni geçen ses berilişik Gürjüstanda 1991-nji ýylan bäri geçirilýän ýedinji prezidentlik saýlawlarydyr.

Galyberse-de, mundan beýläk ýurduň prezidenti göni saýlawlar arkaly saýlanmaz. 2017-nji ýylda Konstitusiýa girizilen üýtgeşmelere laýyklykda, indi prezidenti parlamentarlar, şeýle-de ýerli we regional syýasy wekilleri tarapyndan düzülen 300 orunlyk Saýlawçylar Kolleji saýlar.

Mamuka Bakhtadze
Mamuka Bakhtadze

Premýer-ministri Mamuka Bakhtadze Tbliside ilkinjileriň biri bolup ses berdi.

Ol: “Men bol-elinçilige, gürji däp-dessurlaryna we biziň Ýewropa ugrumyza ses berdim” diýip, çykyş etdi.

Saýlawlarda 3,5 million adamyň ses bermäge hukugy bar. Ses berilişige Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri gözegçilik edýärler.

Merkezi Saýlaw Komissiýasy ýurt boýunça saýlawlaryň parahatçylykly geçýändigini we onuň dowamynda käbir kiçi prosedura meseleleriniň ýüze çykandygyny mälim etdi.

Saýlaw uçastoklary ýerli wagt bilen sagat 20:00-da ýapylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG