Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow täze obalaryň düýbüni tutmak çärelerine gatnaşdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow. Arhiwden alnan surat. Turkmenistan. Son of President Serdar Berdimuhammedov meets with Tatar Officials

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow ýurduň günortasynda gurulýan täze obalaryň düýbüni tutumak boýunça geçirilen dabaralara gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habar gullugy 29-njy oktýabrda habar berdi.

Kaka etrabynyň “Gowşut” hem-de Ak bugdaý etrabynyň “Öňaldy” geňeşlikleriniň çäginde täze obalar gurulýar.

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň çäginde soňky 3 hepdäniň dowamynda ikinji gezek täze obalaryň düýbüni tutmak çärelerine gatnaşýar.

Mundan ozal ol 8-nji oktýabrda Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäklerindäki ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygyna başlamak boýunça geçirilen dabaralara gatnaşdy.

Türkmen mediasynyň maglumatlarynda prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow soňky wagtlarda jemgyýetçiligiň öňüne has ýygy-ýygydan çykyp başlady.

Ol 21-nji sentýabrda Kaka etrabynda gurlup ulanylmaga berlen saglyk pudagyna degişli desgalaryň açylyşyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty bolan Serdar, şol bir wagtyň özünde ýurduň daşary işler ministriniň orunbasarydyr.

Ol ilkinji gezek ýurduň parlamentine 2016-njy ýylyň noýabr aýynda deputatlyga saýlanypdy, 2017-nji ýylyň martynda Mejlisiň Kanunçylyk boýunça komitetiniň başlyklygyna saýlandy.

Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 25-nji martynda ýurtda geçirilen deputatlyk saýlawlarynda sesleriň 91 göterimden gowragyny alyp, Ahal welaýatynyň Duşak saýlaw uçastogyndan parlamente wekillige täzeden saýlandy.

Synçylar bu saýlawlary dinastiýa ugrundaky çärä meňzetdi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratiki institutlar we adam hukuklary býurosy bu saýlawlaryň hakyky demokratik saýlaw prosesiniň wajyp aýratynlyklaryndan mahrum bolandygyny aýtdy.

Saýlawlaryň yzýany martyň aýagynda prezident Berdimuhamedow özüniň ýeke-täk ogluny ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine belledi.

Bu wezipä girişmeginiň öňýany hem-de ondan soňra Serdar Berdimuhamedow käbir regional hem-de halkara duşuşyklarda Türkmenistanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip başlady.

Ol mart aýynda GDA ýurtlarynyň Astanada geçiren ýygnagyna türkmen wekiliýetiniň düzüminde gatnaşdy, prezident Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşyk geçirdi.

Serdar Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň fewral aýynda synçylaryň simwoliki häsiýetlendirýän çärelerinde iki gezek prezident kakasy bilen media maglumatlarynda jemgyýetçiligiň öňüne çykdy.

Ýagny, fewralyň başynda ol “Miras” atyna atlanyp, kakasy bilen Köpetdagyň eteginde atly gezelenje çykdy. Fewralyň aýagynda geçirilen ylgaw ýaryşynyň dowamynda prezident Berdimuhamedow ogluna estafeta nobatyny gowşurdy.

2018-nji ýylyň iýul aýynyň başynda Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky türkmen wekiliýeti Awstriýanyň Wena hem-de Şweýsariýanyň Ženewa şäherlerine, iýulyň ortalarynda bolsa Nýu-Ýorka sapar edip halkara duşuşyklara gatnaşdy, BMG-niň baş sekretary Antonýu Guterriş bilen gepleşdi.

Ýurduň syýasy durmuşyny yzarlaýan halkara synçylar onuň mirasdüşerlige taýýarlanýandygyny aýdýarlar.

Soňky deputatlyk saýlawlarynyň öňýany döwlet eýeçiligindäki “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti Serdaryň resmi terjimehalyny çap etdi.

Ondaky maglumatlara görä, 1981-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda doglan 37 ýaşly Serdaryň, kakasy prezidentlik wezipesine girişýänçä dowam eden, birsydyrgyn bilimi we karýerasy ünsi çekýär. Emma kakasy döwlet baştutany wezipesine girişenden soň, Serdar Berdimuhamedow 2008 – 2011-nji ýyllar aralygynda Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň binýadyndaky Diplomatiki Akademiýasynda halkara gatnaşyklary, 2011 – 2013-nji ýyllarda bolsa Ženewada halkara howpsuzlyk ugrundan bilim alýar.

Döwlet mediasynda jemgyýetçiligiň öňünde edýän atly ýörişlerinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar “Miras” atly ata, agtygy Kerimguly bolsa “Dowamat” atlandyrylýan ata atlanýar.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG