Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik agyr atletikaçylary Aşgabatdaky çempionatda çykyş etmezler


Aşgabatda Agyr atletika boýunça geçjek Dünýä çempionatynyň resmi nyşany.
Aşgabatda Agyr atletika boýunça geçjek Dünýä çempionatynyň resmi nyşany.

Aşgabatda başlanan Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda täjik türgenleri çykyş etmezler.

Asia-Plus neşiriniň Täjigistanyň milli olimpiýa komitetine salgylanyp beren maglumatynda, muňa täjik agyr atletikaçylarynyň türkmen wizasyny alyp bilmändiginiň sebäp bolandygy bellenildi. Emma, täjik sportsmenlerine näme sebäpden wizalaryň berilmändigi maglumatda belli edilmedi.

Dogurdanam, çempionata gatnaşýan türgenleriň resmi sanawyna seredilende, onda täjik türgenleriniň ýokdugyny görse bolýar.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan täjik agyr atletikaçylary we tälimçileri 1-10-njy noýabr aralygynda geçýän çepmionata gatnaşmak üçin Täjigistanyň Agyr Atletika boýunça Federasiýasynyň gerekli şertleri döretmändigini aýtdylar.

10 ýyl bäri agyr atletika bilen meşgullanýan Rahmoil Zabirow Aşgabatdaky çempionata gitmegi arzuw edendigini, emma indi oňa telewideniýe arkaly tomaşa etmeli boljakdygyny aýtdy. Ol Täjigistanyň Agyr Atletika boýunça Federasiýasynyň gerekli şertleri döretmändigini, hatda bu ýaryş barada gerekli maglumatlar bilen hem üpjün etmändigini aýtdy.

Zabirowyň sözlerine görä, olar Aşgabataky Çempionata diňe bir aý galanda ähli şertleri döredilen sport zalynda türgenleşip başlapdyrlar.

Bobohon Sangow
Bobohon Sangow

Täjik agyr atletikaçylarynyň saýlama toparynyň tälimçisi Bobohon Sangow hem Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde özlerinde türgenleşmäge şertleriniň we Aşgabatdaky Dünýa çempionatyna gatnaşmak üçin maliýe mümkinçilikleriniň ýokdugyny aýtdy.

Täjigistanyň Agyr Atletika boýunça Federasiýasynyň başlygy Şarif Dawlatow bolsa, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde täjik sportsmenleriniň Aşgabatdaky çempionatda çykyş etmäge taýýar däldiklerini aýtdy.

Dawlatow täjik türgenleri gatnaşan ýagdaýynda-da, olaryň 20-nji orundan ýokary ýerleri alyp bilmejekdigini aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirdi: “Täjik türgenleri agyr atletika ýaryşlarynda köplenç gowy çykyş etmeýäreler. Şol sebäpden, olaryň lapy keç bolup, olar ýaryşlara özleri gitmeýärler. Eger-de, olar hökümetiň pullary bilen ol ýere giden bolsalar, bu gowy bolmazdy”.

Türkmen resmilerinden ýokarky ýagdaýlar boýunça häzirlikçe hiç hili kommentariýa almak başartmady.

Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçýän halkara sport çäresinde erkekleriň 84-nji we aýallaryň 27-nji Dünýä çempionatlary geçirilýär.

Agyr atletikanyň Halkara federasiýasy Aşgabatda Agyr atletika boýunça geçýän Dünýä çempionatyna, rekord derejede, ýagny dünýäniň 91 döwletinden 693 türgeniň gatnaşýandygyny mälim etdi.

Maglumat üçin aýdylsa, 2011-nji ýylda Parižde geçirilen çempionata 87 döwletden türgen gatnaşan bolsa, 1999-njy ýylda Afinyda geçirilen ýaryşda 626 agyr atletikaçy çykyş edipdir.

Berdimuhamedow ştangaçylyk ukybyny görkezdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:24 0:00

Türkmen resmileriniň beren maglumatyna görä, ýaryşlara hyzmat etmek üçin Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden meýletinçileriň 500-e golaýy taýýarlanypdyr.

Mundanam başga, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli döwlet kärhanalary Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyna niýetläp, 1 müň 300 komplekt, ýagny 7 müň töweregi eşik we aksesuarlary taýýarlapdyr.

Bu çempionaty ilki Perunyň paýtagty Limede geçirmek planlaşdyrylypdy. Emma, ýaryşyň geçirilmeli kompleksiniň gurlup ýetişmändigi sebäpli, ony Aşgabatda geçirmek kararyna gelindi.

Türkmenistanyň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän döwri bu halkara sport çäresine döwlet gaznasyndan goýberilýän maliýe serişdeleri aýdyň edilmeýär.

Galyberse-de, çärä görülýän taýýarlyklaryň çäginde paýtagtda ykmanda itdir pişikleri awlamak kampaniýasy alnyp baryldy; müňlerçe talyp köpçülikleýin çärelerine çekildi.

XS
SM
MD
LG