Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda diplomatik korpusyň wekilleri Ahal welaýatynda ýerleşýän düzediş edarasyna baryp gördi


Illýustrasiýa suraty: Türme koridory

6-njy noýabrda käbir iri döwletleriň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň baştutanlary hem-de az sanly halkara guramalaryň ýurtdaky wekilleri Ahal welaýatynda ýerleşýän bir düzediş edarasyna baryp gördi.

Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasynda maglumat çap edildi.

Onda aýdylmagyna görä, düzediş edarasyna edilen sapara Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň ilçihanalarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň, ÝHHG-nyň Merkeziniň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň hem-de ÝUNISEF-iň wekilhanalarynyň baştutanlary, BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň regional merkeziniň wekilleri Ahal welaýatynda ýerleşýän bir düzediş edarasyna tanyşlyk saparyny amala aşyrypdyrlar.

Ýöne ministrligiň ýaýradan maglumatynda daşary ýurtly wekilleriň Ahal welaýatyndaky haýsy düzediş edarasyna sapar edendikleri anyklaşdyrylmaýar. Şeýle-de, habarda guralan saparyň “tussaglaryň ýaşaýyş şertleri bilen” wekilleri tanyşdyrmagy maksat edinendigi agzalýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen habarlaşyp, bu ýagdaýy aýdyňlaşdyrmak mümkin däl.

Azatlyk Radiosynyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkezine jaň edip, düzediş edarasyna edilen tanyşlyk sapary barada maglumat almak synanyşygy başa barmady.

Ahal welaýatynda ýeleşýän düzediş edaralarynyň hatarynda ady belli “Owadandepe” türmesi, hem-de Tejende ýerleşýän düzediş edaralary bar.

Jemgyýetçilige elýeterli maglumatlara görä, Türkmenistan şu wagta çenli halkara guramalarynyň ýörite gözegçi wekillerine hem-de daşary ýurtly ýörite synçylara türkmen türmelerine baryp görmäge rugsat bermäni gelýärdi.

Ýöne 2011-nji ýylyň iýul aýynda “Gyzyl Haç” halkara komitetiniň delegasiýasy Türkmenistana sapar edipdi. Olaryň Içeri işler ministrliginiň anyk haýsy edarasyna baryp saklananlary görendigi ýa-da däldigi nämälimliginde galdy.

Galyberse-de, 2018-nji ýylyň maý aýynda türkmen hökümeti BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň Ahliumumy döwürleýin syny üçin iberen hasabatynda 2011 – 2014-nji ýyllar aralygynda Gyzyl Haç Halkara komitetiniň wekilleriniň Türkmenistandaky käbir türmelere 6 gezek ynsaperwerçilik saparlary amala aşyrandygyny aýtdy.

Ženewada geçirilen Döwürleýin synyň dowamynda hususan-da günbatar ýurtlaryň wekilleri türkmen türmeleri boýunça ýagdaýlary täzeden gozgapdy. Diňlenişige gatnaşan türkmen wekiliýeti bu mesele boýunça özlerine berlen soraglara tussaglaryň ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylýandygyny aýdyp jogap berdi.

2016-njy ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen Berlinde geçiren duşuşygynda Merkel türkmen tarapynyň halkara diplomatlaryň Türkmenistanyň türmelerine baryp görmäge rugsat bermek ähtimallygyna ünsi çekdi.

Dürli halkara hukuk goraýjy guramalary “Olary diri görkeziň!” kampaniýasynyň düzüminde türkmen türmelerinde “syýasy matlaply” tussag edilip, zor bilen dereksiz ýitirilenler barada soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýörite iş alyp barýar. Olaryň sentýabr aýynda ýaýradan soňky maglumatynda türkmen türmelerinde zor bilen dereksiz ýitirlenler diýlip hasaba alnanlaryň sanawyna häzirki wagtda 121 adam girizilipdir.

Atlary ýitirim edilenleriň sanawyna girizilenleriň agramly bölegini syýasy matlaply günä ýöňkelip, tussag edilenler, galan bölegini dini ekstremizmde aýyplanýanlar hem-de wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanandygy aýdylyp, tussag edilen öňki döwlet emeldarlary, galyberse-de az sanly raýat aktiwisti düzýär.

2018-nji ýylyň awgust aýynda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki ynamdar çeşmesi türkmen türmeleriniň iýmit üpjünçiliginiň juda ýaramazlaşandygyny habar berdi.

2018-nji ýylyň 21-nji sentýabr güni ABŞ-nyň ÝHHG-daky missiýasy Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy, şol sanda zor bilen dereksiz ýitirlenler boýunça alada bildirip, beýanat ýaýratdy.

Käbir garaşsyz habar çeşmeleri türkmen türmelerinde eden-etdiligiň höküm sürýändigini, sakçylaryň tussaglara gödek daraýandygyny habar berýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG