Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kataryň şa maşgalasynyň şaý-seplerini ogurlamakda aýyplanýanlar tussag edildi


Wenesiýada gurnalan sergide şa maşgalasyna degişli 1 million dollarlyk gulakhalka we 2 million dollarlaryk gülýaka ogurlanypdy.
Wenesiýada gurnalan sergide şa maşgalasyna degişli 1 million dollarlyk gulakhalka we 2 million dollarlaryk gülýaka ogurlanypdy.

Kataryň şa maşgalasynyň gymmatbaha şaý-seplerini ogurlamakda aýyplanyp, bir serb we dört horwatiýaly tussag edildi.

Horwatiýanyň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, tussag edilenler ýanwar aýynda Wenesiýada gurnalan sergide şa maşgalasyna degişli 1 million dollarlyk gulakhalkany we 2 million dollarlaryk gülýakany ogurlamagy başarypdylar.

Ministrlik tussag edilen horwatlaryň biriniň Ýewropa ýurtlarynda ogurlyk bilen meşgullanýan belli “Gyrmyzy Pantera” atly topary bilen ilteşikli bolandygyny hem mälim etdi. Ol 2011-nji ýylda Şweýsariýanyň Bazel şäherinde gurnalan şaý-sepler sergisinde umumy bahasy 7 million dollarlyk almazlary ogurlamakda hem aýyplanýar.

Tussag edilen horwatlar 43-60 ýaş aralygynda bolup, olar çarşenbe güni paýtagt Zagrebiň eteginde ele salynypdyrlar. Toparyň bäşinji agzasy bolsa, penşenbe güni Serbiýanyň serhedini geçjek bolan pursady tussag edilipdir.

XS
SM
MD
LG