Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatlylar süýtli çörekden kesildi, obalarda ‘tohumlyk bugdaý ogurlanýar’


Çörek bazary

Türkmenistanyň regionlarynda soňky iki-üç aýdabarha ýiti duýlup başlan çörek gytçylygynyň indi paýtagt Aşgabatda hem, alyjylaryň sözleri bilen aýdylsa, “özüni tanadyp” başlandygy habar berilýär.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 10-njy noýabrda paýtagtyň bazarlaryna aýlanyp, ozaly bazarlarda satylýan çörekleriň soňky bir aýyň dowamynda mazaly gymmatlandygyny aýtdy.

“Mir” bazarynda, “Gülüstan” diýilýän rus bazarynda, Teke bazarynda hökümetden rugsat alyp, tamdyr çöregini satýan adamlaryň, birinjiden,satuwa çykarýan çörekleriniň görnüşi azaldy, ikinjiden, bahalary üzül-kesil ýokarlandy” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ozal 1 manatdan satylýan adaty çörekler häzir Aşgabadyň bazarlarynda 5 manada çenli gymmatlady, süýde ýugrulyp, tamdyrda bişirilýän we halk içinde “süýtli çörek” diýlip gowy görülýän çörekler bolsa, tekjelerden ýitirim boldy.

“Süýtli çörek” alty-ýedi aý ozal hem 3 manatdan satylýardy, soň ol 5 manada çykdy, soňky bir aýyň dowamynda bolsa, beýle çörekler tekjelerden aýryldy, satylmaýar” diýip, bazarlara aýlanyp gelen habarçy gürrüň berdi.

Çörek satýanlaryň Azatlygyň habarçysyna düşündirmeklerine görä, munuň sebäbiunuň bahasynyň gymmatlamagy, alyjylaryň satyn alyjylyk ukybynyň peselmegi bilen bagly.

“Eger daşary ýurt ununyň kilogramyny 12,50, 8,50 manatdan alyp, çörek bişirip, soň bazarda iň arzan bahadan, 10 manatdan satanyňda hem, her çörekden 1 manat girdeji alýarsyň. Emma ol çöregi 10 manatdan aljak alyjy üýşüp ýatanok” diýip, ozal süýtli çörek satan çörekçi söwdagär azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Aýdylmagyna görä, satuwdan aýrylmazyndan öň, süýtli çörekler diňe aşgabatlylaryň däl, regionlardan gelenleriň hem gowy görýän, käteşähere gaýdan garyndaşlaryndan sargap getirdýän çöregi bolupdyr.

Azatlygyň habarçysy Aşgabadyň çörek zawodlarynda bişirilýän we döwlet dükanlarynda satylýan “buhanka” atly çörekleriň hem gytalyp başlandygyny, çörek satylýan dükanlaryň töwereginde çörege garaşýan, böwrüne “Çörek” diýen ýazgy ýazylan maşyn gelende onuň daşyny gabap alýan adamlaryň ozalkylara garanda has köpelendigini habar berýär.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri 9-njy noýabrda türkmen paýtagtynda döreýän çörek nobatlaryny görkezýän wideo çap edip, döwlet dükanlarynda adam başyna bir çörekden satylýandygyny, maşgalasynda 3-4 ýa ondan hem kän adam bolanlaryň ençeme gezek çörek nobatyna durmaly bolýandyklaryny, şeýle-de dükana gelen çörekleriň derrew gutarýandygyny habar berdi.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy hem döwlet dükanlaryna gündelik getirilýän çörekleriň derrew satyn alynýandygyny tassyklady.

Şeýle-de, ýurt içinden gowuşýan maglumatlara görä, Türkmenistandaky häzirki çörek, un gytçylygy geljek ýylyň bugdaý hasylyna hem ýaramaz täsir ýetirjege meňzeýär.

Türkmenistanda bugdaý ekişiniň tamamlanandygy habar berildi, emma Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan oba adamlary bugdaý ekişiniň entek köp ýerde dowam edýändigini tassyk etdi. Şolbir wagtda, meýdana sepilmeli tohumlyk bugdaýyňbir böleginiň degişli ýolbaşçylar tarapyndan “ogurlanýandygy we ilata satylýandygy” hakynda hem resmi bolmadyk maglumatlar bar.

Her gektara 230 kilograma çenli bugdaý tohumy sepilmeli, emma şol tohumlyk bugdaýyň pesinden 30-40 kilogramynyň öýünde çörek bişirýänlere satylýandygy hakynda bir topar maglumat bar, emma muňa häzir häkimiýetler açyk reaksiýa bildirmeýär” diýip, ýagdaýdan habarly oba hojalyk hünärmeni Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG