Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel Ýewropa armiýasyny döretmäge çagyrdy


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Ýewropanyň öz armiýasyny döretmäge çagyrdy. Mundan öň, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron hem şeýle çagyryş bilen çykyş edip, ABŞ-nyň prezidentiniň gaharyny getiripdi.

“Umumy Ýewropa armiýasy dünýä Ýewropa ýurtlarynyň arasynda gaýdyp hiç haçan urşuň turmajakdygyny görkezer” diýip, Merkel Strasburgda Ýewropa Parlamentiniň öňünde çykyş etdi.

Merkel Ýewropa armiýasynyň NATO bilen ugurdaş iş alyp barjakdygyny we merkezleşdirilen goranyş düzümi hökmünde Ýewropanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň garamagynda boljakdygyny aýtdy.

“Eger-de, biz jemgyýetimizi goramak isleýän bolsak, onda Ýewropa öz ykbalyny öz eline almaly” diýip, Merkel belledi.

Mundan bir hepde öň, Makron hem Ýewropa armiýasynyň döredilmegine çagyrypdy. Ol munuň netijesinde Ýewropanyň ABŞ-dan has köp garaşsyz boljakdygyny, şeýle-de özüni Russiýanyň we Hytaýyň mümkin agressiýasyndan gorajakdygyny aýtdy.

Makronyň bu çykyşy ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp tarapyndan gaharly garşylandy. Ol Ýewropa ýurtlaryna ýüzlenip, NATO goýberýän maliýe serişdelerini artdyrmaga ýene bir gezek çagyrdy.

Tramp 13-nji noýabrda Fransiýa eden saparyndan dolanyp gelenden soň, bu mesele boýunça Twitterde ýazgy galdyrdy.

“Emmanuel Makron Ýewropany ABŞ-dan, Hytaýdan we Russiýadan gorajak öz armiýasyny döretmegi teklip edýär. Emma, Birinji we Ikinji Jahan uruşlarynda Germaniýa bolupdy – Bu Fransiýa üçin nähili netijeleri döretdi? Olar ABŞ gelmeýänçä, Parižde nemesçe öwrenip başlapdylar. NATO töleg et ýa-da etme!” diýip, Tramp belledi.

Makron Trampyň soňky twitine häzirlikçe jogap bermedi. Emma, ABŞ-nyň ozalky döwlet sekretary Jon Kerry Fransiýanyň 1700-nji ýyllarda ABŞ-nyň Britaniýadan garaşsyzlygyny almak ugrundaky söweşinde hemaýat berendigini ýatlatdy. Şeýle-de, Kerry Trampy “köne dosta dil ýetirmekde” tankytlady.

“Twit ýazmagyňy bes et! Amerikanyň käbir dostlary bolmalydyr” diýip, Kerry belledi.

XS
SM
MD
LG