Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropanyň sudy Nawalnynyň tussag edilmeginiň “bikanun” bolandygyny aýdýar


Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny Strasbourgda. 15-nji noýabr, 2018 ý.

Adam Hukuklary boýunça Ýewropanyň sudy Russiýanyň oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnyny ençeme gezek tussag edip, türmä basmagy bilen, onuň hak-hukuklaryny bozandygyny aýtdy. Şeýle-de sud oňa bildirilen aýyplamalaryň “bikanundygyny” we “syýasy matlaplara esaslanandygyny” belledi.

Fransiýanyň Strasbourg şäherindäki adam hukuklary sudy Russiýanyň Nawalnynyň haýryna çykarylan ozalky hökümine bildiren şikaýatyny ret etmek barada karary kabul etdi. Ýagny, sud ozalky hökümini öz güýjünde galdyrdy.

Sud 2012-14-nji ýyllar aralygynda Nawalnynyň ýedi gezek tussag edilmeginiň we iki gezek tussaghana ýerleşdirilmeginiň onuň hak-hukuklaryny bozandygyny, “kanuny maksatlara esaslanmandygyny” we “demokratik jemgyýetde amal edilmegine zerurlygyň bolmandygyny” belledi.

Prezident Wladimir Putiniň ýiti tankytçylarynyň biri Nawalny sud diňlenişigine özi hem gatnaşdy.

Ol suduň kararyna dessine jogap edip, özüniň Twitter hasabynda: “Ýeňdik. Dolulygna. Hökümet derbi-dagyn edildi... Ura!” diýip, ýazgy galdyrdy.

Nawalny suduň höküminiň “adalatyň” gowy nusgasy bolandygyny aýdyp, Russiýada syýasy hereketleri üçin bikanun tussag edilýänler üçin möhüm yşarat bolandygyny hem sözüne goşdy.

Sud hökümiň çägide kompensasiýa hökmünde Russiýany Nawalna 64 müň ýewro möçberinde jerime tölemeli etdi. Sud munuň bilen baglylykdaky kararynyň ahyrkydygygyny we şikaýata degişli däldigini aýtdy.

Moskwa suduň hökümine häzirlikçe reaksiýa bildirmedi.

Mundan öň, Russiýanyň Konstitusion Kazyýeti eger-de Adam Hukuklary boýunça Ýewropa sudunyň hökümi ýurduň konstitusiýasyna çapraz gelýän bolsa, onda Russiýanyň ol höküme boýun bolman bilýändigini aýdypdy.

Mundan owal, Russiýa Strasbourgyň sudunda birnäçe ýokary derejeli diňlenişiklerde ýeňilişe sezewar bolupdy.

42 ýaşly Nawalny 2011-nji ýyldan bäri dürli sebäpler bilen ençeme köçe protestlerini gurnapdy, şeýle-de ýokary derejeli rus resmilerini parahorlukda aýyplap, derňewlerini çap edipdi.

Ol 10 günden tä birnäçe hepdä çenli türme tussaglygyna hem höküm edilipdi. Oňa, adatça, jemgyýetçilik ýerlerinde ýygnanmak düzgünlerini bozmakda aýyplamalar bildirilipdi.

Nawalny 2011-nji ýyldan bäri 200-e golaý gününi gözenegiň aňyrsynda geçirdi.

Ol şu ýylyň martynda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmaga meýillidigini hem äşgär edipdi. Emma, saýlaw resmileri onuň iki sany maliýe jenaýat işlerinde ady geçýändigi sebäpli, ony saýlawlara goýbermediler. Nawalnynyň tarapdarlary, munuň Kremliň görkezmesi bilen edilendigini aýtdylar.

Nawalny 2013-nji ýylda Kirowles kärhanasyndan pul ogurlamakda günäli tapylyp, bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Emma, suduň hökümi soňy bilen togtadylypdy.

2016-njy ýylda Adam Hukuklary boýunça Ýewropanyň sudy Kirowles bilen bagly geçirilen sud diňlenişiginiň adalatsyz bolandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG