Hasaba alynmadyk özbek oppozision topary günorta Gazagystanda iki günlük gurultaý geçirmekleriniň öňüniň alnandygyny, ýogsa özleriniň syýasy partiýa döredip, öz ýurtlaryndaky ýolbaşçylary synaga salmagy planlaşdyrandyklaryny aýdýar.
Birdomlik (Agzybirlik) halk demokratik hereketi özüniň 15-16-njy noýabrda Şymkent şäheriniň “Dostyk” myhmanhanasynda duşuşyk geçirmekçi bolandygyny aýtdy.
Emma, Birdomligiň lideri Bahodir Hon Turkistonyň (Bahodir Çoriýew diýip hem tanalýar) Azatlyk radiosynyň Özbek gullugyna gürrüň bermegine görä, özbek häkimiýetleri 14-nji noýabrda hereketiň 50-den gowrak agzasynyň gazak serhedinden geçmeginiň öňüni aldy.
Myhmanhana resmileri Azatlyk radiosyna şeýle duşuşygyň planlaşdyrlandygyny, emma soňky pursatynda onuň goýbolsun edilendigini aýtdylar.
Şaýatlar 15-nji noýabr güni irden bu myhmanhananyň töwereginde onlarça polisiýa ofiserini görendiklerini aýtdylar.
Birdomligiň lideri Çoriýew özüniň we hereketiň 10 çemesi agzasynyň Gazagystanyň Almaty şäherinden Şymkent şäherine maşynly barýan wagtlarynda näbelli adamlar tarapyndan saklanyp, Gazagystandan goňşy Gyrgyzystana gitmäge mejbur edilendiklerini hem sözüne goşdy.
Özbegistanda uzak waglyk prezident Yslam Kerimow aradan çykyp, täze prezident saýlanandan soň käbir özgerişler göze ildi. Emma özbek režiminiň tankytçylary ýurtda garaşylaýan syýasy reformalaryň örän haýaldygyny aýdýarlar.
Şol bir wagtda ýurtda başga pikirlileri yzarlamak dowam edýär. Žurnalistleri Goramak boýunça Komitet (ŽGK) şu ýylyň sentýabrynda özbek resmilerine ýüzlenip, ýurtda sosial we dini meseleleri gozgaýan bloggerleri yzarlamagy bes etmäge we dini maglumatlary ýazandygy üçin tussag edilen dört adamy azatlyga goýbermäge çagyrdy.
Maglumata görä, 28-nji awgust-2-nji sentýabr aralygynda Adham Olimow, Ziýodulla Kabirow, Otabek Usmanow we Khurşidbek Muhammadrozikow tussag edilipdirler.
Özbegistanda ozalky prezident Yslam Kerimow döwründe ýurtda başga pikirliler berk gözegçiliginde saklanýardy. 2016-njy ýylda häkimiýet başyna geçen Şawkat Mirziýoýewiň ýurdy Kerimowyň syýasatyndan daşlaşdyrmak ugrunda tagalla edip başlandygy aýdylýar.
Думаю, Туркменские власти не пойдут на это, потому что если у интернетпользователя будет возможность к спутниковому интернету, то его интернет тракт не пройдет через провайдер ТМ СЕLL. А интернетконтроль пользоват