Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjigistan energiýa problemasyny çözmek üçin, äpet elektrik stansiýasyny işe girizýär


Täjik paýtgaty Duşenbeden 100 kilometr daşlykda ýerleşýän Rogun elektrik stansiýasy, 14-nji noýabr, 2018-nji ýyl

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon täze gidroelektrik stansiýanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Goňşy Özbegistanyň öňki baştutany Yslam Karimow mundan ozal köpýyllyklaryň dowamynda bu stansiýanyň gurluşygyny tutanýerli garşy çykyp gelipdi.

“Rogun” gidroelektrik stansiýasynyň 16-njy noýabrda geçirilen açylyş dabarasynda Rahmon gyzyl düwmä basyp, desganyň işe girizilmegi meýilleşdirilýän 6 turbinasynyň ilkinjisini işletdi.

Täjigistanyň günortasynda geçirilýän dabara beýleki täjik resmileri we daşar ýurtly myhmanlar gatnaşdy.

Duşenbe Wahş derýasynda gurlan bahasy 3.9 milliard dollarlyk desganyň diňe bir öz ýurdunyň energiýa üpjünçiligini kanagatlandyrman, eýsem, onda öndürilen energiýany Owganystana, Pakistana we Özbegistana eksport etmegi meýilleşdirýär.

Bu taslama 70-nji ýyllaryň aýaklarynda girişilipdi, ýöne 1991-nji ýylda Sowet soýuzynyň dargamagy bilen onuň gurluşygy togtadylypdy.

Goňşy Özbegistanda uzak ýyllaryň dowamynda hökümet başynda oturan prezident Yslam Karimowyň ölüminden takmynan iki aý töweregi soň, 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda desganyň gurluşygyna täzeden girişildi.

Bu desganyň Özbegistanyň pagta meýdanlaryna akýan suwy kemeltjekdigini aýdyp, Karimow taslama garşy çykypdy.

Geçen ýyl Täjigistan desganyň gurluşygyna maliýe ýardamyny bermegi teklip eden bir halkara karz pul edaradan 500 million dollar möçberinde maliýe serişdesini aldy. Taslamanyň gurluşygyny Salini Impregilo atly italýan kompaniýasy alyp barýar.

Elektrik stansiýasynyň önümçilige başlamagy bilen, Duşenbe gurluşygyň galan bölegine zerur bolan maliýe serişdelerini gazanmagy umyt edýär.

Britaniýanyň Reading uniwersitetiniň geografiýa boýunça mugallymy Filipo Menganyň 15-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde, desganyň birinji trubinasynyň işe girizilmegi “birnäçe ýyllap dowam etjek gurluşyga atylan ilkinji ädimdir” diýdi.

“Heniz hem bu desga tölegiň nähili tölenjekdigi, gurluşyk başa barsa onuň haçanam bolsa soňlanjakdygy mälim däl. Rogunyň ýüzbe-ýüz galan çarkandakly geçmişini we onuň gurluşygynyň mundan ozal birnäçe gezek togtadylandygyny göz öňünde tutsaň, bu taslamanyň soňy uly mesele. Desga entek köp mukdarda energiýa öndürip girdeji gazanýança geçilmeli ýol uzak” diýip, Menga Azatlyk Radiosyna elektron hat arkaly beren jogabynda aýtdy.

2014-nji ýylda Human Rights Watch taslamany tankytlap, Rogunyň gurulmagy bilen bu sebitde ýaşaýan köpsanly maşgalalaryň ýaşaýan ýerinden göçürilmeli boljakdygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG