Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda ýene ýolbaşçy işgärler täzelendi


Prezident Berdimuhamedow öz bellän ýolbaşçy işgärlerini yzygiderli täzeläp durýar.

Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministri Öwezmyrat Enermyradow wezipesinden boşadyldy. TDH-nyň maglumatynda onuň başga işe geçýändigi habar berilýär.

Döwlet metbugatyna görä, prezident oba hojalygynda kabul edilýän täze özgertmeleriň pudaga tejribeli hünärmenleri çekmegi talap edýändigini aýdyp, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministri wezipesine Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi Annageldi Ýazmyradowy belledi hem-de ony häkim wezipesinden boşatdy.

Enemyradowyň başga işe geçýändigi aýdylsa-da, onuň täze wezipesi barada maglumat berilmeýär.

Şeýle-de, döwlet eýeçiligindäki medianyň maglumatyna görä, işde goýberen kemçilikleri üçin Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkimi Soltanmyrat Babajanow wezipesinden boşadyldy.

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkimi wezipesine Serdar Meredow bellenildi, prezident G.Berdimuhamedowyň 16-njy noýabrda gol çeken kararyna laýyklykda, ol Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Wezipelerinden boşadylan Enermyradowyň, Babajanowyň, ýa-a wezipä bellenen Ýazmyradowyň Meredowyň näme iş bitirip, näme işleri bitirmändigi, olaryň terjimehallary, alan bilimleri we mundan has ozal eýelän wezipeleri barada maglumat berilmeýär.

Adatça, Türkmenistanda oba hojalyk pudagyndaky kadr çalşygy pagta ýa-da bugdaý harmanynyň ýygnalmagynyň yzýanyna gabat getirilýär.

Türkmen metbugaty 2018-nji ýyl üçin 1 million 50 müň tonna diýlip kesgitlenen pagta plan borçnamasynyň artygy bilen berjaý edilendigini habar berýär.

Türkmen prezidenti soňky aýlarda birnäçe gezek ýurduň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan käbir işler boýunça nägileligini aýtdy.

25-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynda prezident Berdimuhamedow obasenagat toplumyny özgertmegi maksat edinýändigi aýdylýan täze teklipleri hödürledi.

Olaryň hatarynda bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak, düşewüntsiz işleýän daýhan hojalyklaryň ýerlerini ellerinden alyp, olary has önümçilikli işlejekdigi aýdylýan önüm öndürijilere 99 ýyla möhlete bermek barada täze çözgüt hödürlendi. Şeýle-de, bölünip berlen ýerleriň azyndan 70 göterimine döwlet tabşyrygyna girýän ekinleri, galan 30 prosentine bolsa beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek barada teklip hödürlenildi.

Maslahatyň yzýany, 5-nji oktýabrda prezident Berdimuhamedow karara gol çekip, 2019-njy ýylyň hasyly üçin bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhyny ýokarlandyrdy.

Şeýle-de, oktýabryň aýagynda Türkmenistanda ýer gaznasy döredildi.

Ýerli synçylar täze özgertmelere şübheli çemeleşýär.

Türkmenistan yzly-yzyna iki ýyl bäri bugdaý plan borçnamasyny berjaý edip bilmäni gelýär.

Täze wezipä bellenen oba hojalyk ministriniň bu ugurda nähili iş strategiýasyny alyp barjakdygy mälim däl.

Türkmenistanda wise-premýerler, ministler we häkimler, şol sanda media gurluşlarynyň we beýleki döwlet guramalarynyň ýolbaşçylary yzygiderli täzelenip durulýar. Olaryň käbiriniň işde kemçilik goýberendigi aýdylsa, beýlekileri “başga işe geçýändigi üçin” diýlip, wezipesinden çetleşdirilýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG