Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda häkimiýetler ýoldan barýan ötegçileri saklap, azyndan 2-3 kilogram pagta ýygmaga mejbur edýärler


​​Türkmenistanda pagta ýygymy awgustyň ýagynda başlandy.
​​Türkmenistanda pagta ýygymy awgustyň ýagynda başlandy.

Azatlygyň çeşmesi Daşoguz welaýatyndaky häkimiýetleriň uly ýollardan geçýän maşynlary saklap, olaryň içindäki ýolagçylary ýolundan goýup, pagta ýygmaga mejbur edýändiklerini habar berýär.

Golaýda Azatlyk Daşoguzda mekdep okuwçylarynyň hem pagta ýygmaga çekilendigini habar beripdi.

Adatça bu hili "çäreler" pagta ýygymynyň ortalarynda ýa ahyrynda, planyň aňsat dolmajagy belli bolanda görülýär, ýöne häkimiýetler bu ýyl garaşylýan pagtanyň ýygnalmajagyny eýýämden boýun alýana meňzeýär diýip, bu habary Azatlygyň ikinji çeşmesi hem tassyk etdi.

Boldumsaz, Gubadag, Nyýazow etraplarynyň deňinde uly ýoldan geçýän maşynlary saklap, öz iş-aladasy bilen gyssanyp barýan adamlary ýolundan goýup, pagta ýygdyrýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran çeşme 15-nji sentýabrda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, gowaça meýdanlarynda açylyp oturan bol pagta ýok. “Emma azyndan 2-3 kilogram pagta ýygmadyk ýolagaçylary ýoluna goýbermeýärler, adamlar häkimiýetler bilen dawalaşmakdan çekinip, mejbury diýlenini edýärler” diýip, çeşme gürrüň berdi.

Türkmenistanda pagta ýygymy awgustyň ýagynda başlandy, ýurduň demirgazyk welaýaty bolan Daşoguzda bolsa pagta ýygymy adatça biraz giç başlanýar we has giç hem tamamlanýar.

Türkmenistanda ýygnalmaly 1 million 50 müň tonna pagta hasylynyň 230 müň tonnasyny daşoguzlylar harmana goşmaly. Ýöne bu ýyl ýaplara suw giç geldi, ýeriň şoruny basýan ýuwuş suwlary köp ýerde tutulmady, "daýhanlar bulutsyz asmana göz dikýärler" diýip, Azatlygyň çeşmeleri ýylyň başyndan habar berdiler.

Emma TDH, adatça bolşy ýaly, düýpden başga hörpden gopýar we daýhanlar üçin aňrybaş şertleriň döredilýändigini tekrarlaýar.

Neşiriň tassyklamagyna görä, “Kärendeçiler we daýhan birleşikleri tehnika, tohum, mineral dökünler, suw hem-de hyzmatlaryň beýleki görnüşleri bilen ýeňillikli şertlerde üpjün edilýär...orta we inçe süýümli pagtanyň, şeýle hem gowaçanyň ýokary hasylly sortlarynyň tohumlarynyň satyn alnyş bahalary yzygiderli ýokarlandyrylýar”.

Şeýle-de TDH döwlete tabşyrylýan “ak altyna” hak tölenişiniň “Daýhanbankyň” bölümleri arkaly öz wagtynda amala aşyrylýandygyny tassyklaýar. Şol bir wagtda-da,7-nji sentýabrdaky resmi habara görä, “işde goýberen kemçilikleri üçin" diýlip, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy eýeleýän wezipesinden boşadylýar.

Ýurt içinden gelip gowuşýan maglumatlardan çen tutulsa, işde diňe “Daýhanbankyň” başlygy kemçilik goýbermeýär, eýsem tutuş oba hojalygy kemçiliklere gaplanana meňzeýär.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S.Nyýazow ömrüniň ahyrky ýyllarynda öz “Täze oba syýasatynyň” başa barmandygyny, “ýeriň eýesiniň tapylmandygyny” boýun aldy we ýeri hakyky daýhanlara däl-de, başga adamlara paýlandyklaryny aýdyp, ýerli häkimleri günäledi.

Ozal oba hojalyk işleri bilen meşgullanan, emma häzir daşary ýurtlarda tapan işini edip, şol ýerden yzda galan maşgalasyny eklemäge çalyşýan türkmen raýatlarynyň köpüsiniň Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde gürrüň bermeklerine görä, ýurduň oba hojalygynda S.Nyýazow döwründe dörän eden-etdilikler häzir hem doly güýjünde dowam edýär.

Bu aýdylýanlary aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew hem tassyklaýar:

Bolýar-bolýar, garyba bolýar. Emeldarlaryň dogan-garyndaşlarynyň adyna ýazdyran 50, 10 gektar ýerleri bar. Özem o ýerler suwuň çykýan ýerinde, tehnikanyň arkaýyn aýlaw edip, ýere hyzmat edip bilýän ýerinde, emma garyp-gasaryň ýeri ýa belentde, ýa aňňy-tüňňi ýerde. Üstesine, garyp daýhanlaryň ýap boýunda boş çykmajak bolup eken gawun-garpyzyny, kädisini hem aýyrdýarlar” diýip, ýazyjy aýtdy.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan kärendeçileriň hemmesiniň diýen ýaly tassyklamagyna görä, agrar ulgamda amala aşyrylýandygy aýdylýan "çuň düzümleýin özgertmeleriň” hakykat ýüzünde hiç bir esasy ýok.

Emma muňa garamazdan, TDH “pagtaçylara süýümi, linti, übtügi, döwlete borçnamadan artyk tabşyrylan, senagat taýdan işlenilen çig pagtany ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda ýerleşdirmäge mümkinçilik berilýär... bularyň hemmesi oba hojalyk önümlerini öndürijileriň öz zähmetleriniň netijesine gyzyklanmalaryny artdyrýar” diýip ýazýar.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistany pagta ýygymynda mejbury zähmeti, çaga zähmeitini bikanun ulanmakda tankyt edýärler.

XS
SM
MD
LG