Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan "Talybanynyň" Katarda ABŞ wekili bilen gepleşik geçirendigi aýdylýar


ABŞ-nyň Owganystan boýunça parahatçylyk wekili Zalmaý Halylzat.
ABŞ-nyň Owganystan boýunça parahatçylyk wekili Zalmaý Halylzat.

Habar gullugy “Associated Press” “Talyban” toparynyň ýokary derejeli agzalarynyň Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça parahatçylyk wekili Zalmaý Halilzad bilen Katarda üç günläp gepleşik geçirendigini aýdýar.

18-nji noýabrda berlen habarda bellenmegine görä, Halilzad bilen Katarda geçirilen gepleşiklere Herat welaýatynyň öňki Talyban häkimi Haýrullah Haýrhwa bilen Talybanyň öňki harby ýolbaşçysy Mohammed Fazl gatnaşypdyr. Owganystandaky ýarym harby topar “Talybanyň” Katarda syýasy edarasy bar.

2014-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň Kubada ýerleşýän Guantanamo aýlagyndaky harby tussaghanasyndan “Talybanyň” bäş sany ýokary derejeli agzasy boşadyldy. Haýrhwa bilen Fazl amerikan esgeri Bowe Bergdahl bilen çalşylyp, boşadylan şol bäş adamyň ikisidir.

Guantanamo aýlagyndaky tussaghanada oturan bäş adamyň hemmesi häzir Katarda. Bu adamlar parahatçylyk ylalaşygyna araçylyk ederlik derejede Owganystandaky “Talyban” jeňçilerine täsir edip biler diýlip, pikir edilýär.

Birleşen Ştatlaryň döwlet departamenti amerikan resmileri bilen “Talyban” arasynda gepleşik boldy diýilýän habar hakda beýanat bermegi ret etdi.

Amerikan prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy 17 ýyldan agdyk dowam eden uruşdan soňra konflikte çözgüt tapmak baradaky tagallalaryny güýçlendirýän häzirki wagtda Halilzad soňky günlerde regiona sapar etdi.

Ol 18-nji noýabrda owgan prezidenti Aşraf Gani bilen Kabulda duşuşdy. Bu ýerde onuň öz gepleşik toparyny düzmegi üçin Gana basyş ederine garaşylypdy.

Owganysdaky “Talyban” topary günabar tarapyndan goldalýan Kabul hökümeti bilen gepleşik geçirmek boýunça Amerikanyň edýän talaplaryny uzak wagtlap ret edip geldi.

18-nji noýabrda owgan mediýasy Halilzadyň 2019-njy ýylyň aprelinde Owganystanda geçjek indiki prezident saýlawlaryndan öň “Talyban” bilen parahatçylyk ylalaşygyna gelinmegini umyt edýändigini habar berdi.

Halilzad Kabulda geçiren metbugat ýynagynda Katardaky gepleşiklere göni salgylanman: “Men taraplaryň hemmesi bilen, ähli owgan toparlary bilen gürleşýärin ... meniň pikirimçe häzir ýaryşyk we parahatçylyk üçin amatly pursat bar” diýdi.

“Owgan hökümeti parahatçylygy isleýär. Talyban hem özleriniň harby taýdan üstünlik gazanjakdyklaryna ynanmaýandyklaryny, galan problemalaryň parahatçylykly, syýasy gepleşikler bilen çözülmegini isleýändiklerini aýdýarlar” diýip, Birleşen Ştatlaryň wekili aýtdy.

17-nji noýabrda birleşen ştab ýolbaşçylarynyň başlygy amerikan generaly Josef Dunford 2001-nji ýylda Amerika Owganystana gireli bäri territoriýanyň iň uly bölegine kontrollyk edýän Talyban “ýeňlip baranok” urşuň soňuna çykmak üçin “harby çözgüt” ýok diýdi.

Amerikanyň uly derejeli harby resmisi Kanadada Halifaks howpsuzlyk forumynda geçen çekişmede Birleşen Ştatlar we onuň NATO ýaranlarynyň urşuň soňlanmagy üçin gepleşik gerekdigini “Talybana” ynandyrmak üçin oňa harby, syýasy we ykdysady taýdan basyş edýändigini aýtdy.

Ol “belli bir ýere gelnende” “Talybanyň” ýaraşyk etmelidigini bilýändigine Birleşen Ştatlaryň ynanýandygyny belledi.

Dunford soňra hem: “Üstünlik üçin esasy zat ähli basyşy Talyany gepleşiklere itermäge gönükdirmek” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

XS
SM
MD
LG