Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan TOPH üçin Saud Arabystanyndan turba aldy


Türkmenistanda ýerde ýatan tebigy gaz turbalary. Illýustrasiýa suraty, 10-njy awgust, 2010-njy ýyl
Türkmenistanda ýerde ýatan tebigy gaz turbalary. Illýustrasiýa suraty, 10-njy awgust, 2010-njy ýyl

Saud Arabystany TOPH-yň gurluşygyna niýetläp, Türkmenistana bahasy 40 million dollarlyk 35 müň metrden gowrak geçiriji polat turbalaryny iberýär. Ýöne has ozal türkmen resmileri taslamanyň türkmen böleginiň tamamlanandygyny aýdypdylar.

Saud Arabystany Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy üçin, Türkmenistana 35 müň 371 metrlik polat turbalaryny ugradýar. Döwlet metbugatyna görä, bu turbalar “Saud ösüş gaznasynyň” TOPH-a niýetläp, Türkmenistana bölüp beren 40 million dollaryna satyn alnypdyr. Iki tapgyrda ugradyljak turbalaryň häzirki wagtda 6 müň 774 metrlik bölümi deňiz ýollarynyň üsti bilen Türkmenbaşy Halkara portuna gelip gowşupdyr.

19-njy noýabrda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşiginde bu barada giňişleýin wideo reportaž efire berildi.

TOPH-yň gurluşygy üçin Saud Arabystanyndan Türkmenistana geçiriji turbalary iberilýär, ýöne türkmen resmileri mundan ozal TOPH-yň türkmen böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygyny bütin dünýä yglan edipdiler.

“Taslamanyň häzirki tapgyryna ýetmek üçin, biz 2015-nji ýyldan bäri köp iş bitirdik. Biz Türkmenistanda öz işimizi tamamladyk indi biz Owganystana süýşýäris” diýip, Euronews kanaly 2018-nji ýylyň 28-nji fewral güni TOPH taslamasyna ýolbaşçylyk edýän ýokary wezipeli türkmen resmisi Muhammetmyrat Amanowy sitirledi.

2015-njy ýylda düýbi tutulan taslamanyň owgan böleginiň gurluşygyna 2018-nji ýylyň 23-nji fewral güni badalga berildi.

Döwlet mediasy bu taslamanyň türkmen böleginde gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygyny yzygiderli tekrarlap geldi. Ýöne onuň gurluşygyna zerur bolan turbalaryň ýurda getirilişi ilkinji gezek döwlet telewideniýesinde görkezilýär.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer geçirijiniň gurluşygyna zerur bolan turbalaryň ýurda indi getirilip başlanmagy barada garaýyşlaryny beýan etdi.

“Saud Arabystanynyň turbalary indi ugradyp başlaýandygyndan çen tutsak, geçirijiniň türkmen böleginde köp iş bitirilmändigi bolýar. Ýöne hökümet öz böleginde ähli işleriň tamamlanandygyny aýtdy” diýip, Panniýer belledi.

Onuň ynanjyna görä, turbalaryň indi getirilip başlanmagy gurluşygyň türkmen böleginde şu wagta çenli örän ujypsyz işiň alnyp barlandygyny görkezýär.

“Men ilki bilen şu ýagdaýa şübhe bildirýärin, ýagny aslynda Türkmenistan gurluşygyň türkmen bölegini asla gurmandyr, ýa-da örän az bölegini gurupdyr. Biz mundan ozal bu gaz geçirijiniň türkmen bölegine degişli wideo şekillere asla duş gelmedik. Aslynda welin Türkmenistan şeýle iri taslamalaryň gurluşygyny telewideniýede ýa-da metbugatda magtanyp, ile görkezmegi gowy görýär. Iş tamamlanan bolanda biz muny bireýýäm efirde görerdik, ýöne biz hiç haçan muny görmedik” diýip, ekspert aýtdy.

Ekspert proýektiň işe girizilmeli wagtynyň yza süýşüriljekdigini çaklaýar. Ilkibaşda bu taslamanyň 2019-njy ýylyň dekabr aýynda işe giriziljekdigi aýdyldy. Soňra onuň wagty birnäçe gezek yza süýşürildi.

13-nji noýabrda TOPH taslamasynyň ýolbaşçysy Muhammetmyrat Amanow Abu Dabide geçirilen Halkara nebitgaz konferensiýasynda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda bu taslamanyň ýene-de 24 aýdan işi girizilmeginiň mümkindigini aýtdy, şeýle-de ol ilkibaşda bahasy 10 milliard diýlip kesgitlenen taslamanyň bahasynyň 7 milliarda düşürilýändigini aýtdy.

Türkmenistan TOPH-yň başlangyç tapgyryny maliýeleşdirmek üçin 2016-njy ýylyň iýun aýynda 45 milliondan gowrak pul serişdesini bölüp berdi.

2015-nji ýylyň 13-nji dekabr güni Mary welaýatynda ýerleşýän “Galkynyş” gaz käniniň alkymynda, uly dabara bilen, taraplaryň ýokary derejeli resmileriniň gatnaşmagynda, bu taslamanyň düýbi tutuldy. Ilkibaşda peýda bolan metbugat habarlarynda taslamanyň 2019-njy ýylyň dekabr aýynda işe giriziljekdigi aýdylsa-da, soňra bu yza süýşürildi.

Uzynlygy 1814 kilometre barabar bolan taslamanyň 214 kilometri Türkmenistanyň 744 kilometr töweregi Owganystanyň üstünden çekilýär. Bu geçirijiniň üsti bilen Türkmenistan Günorta Aziýanyň iri döwletlerine ýylda 33 milliard kub metr gaz ibermegi göz öňünde tutýar.

XS
SM
MD
LG