Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan gysga wagtda TOPH-y maliýe taýdan doly üpjün etmegi planlaşdyrýar


TOPH proýektiniň belgisi

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisiniň maliýeleşdirilmegini gysga wagtda doly üpjün etmegi planlaşdyrýandygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň öz tebigy gazyny Owganystana, Pakistana we Hindistana akdyrmak üçin 8 milliard dollar bahasyndaky gazgeçirijiniň gurluşygyny tamamlamak üçin ähli zerur maliýe serişdeleri birnäçe aýyň dowamynda üpjün etmegi planlaşdyrýandygyny proýektiniň ýerine ýetiriji müdiri çarşenbe güni mälim etdi diýip, 23-nji maýda Reuters agentligi habar berdi.

​“Biz maliýeleşdirmeleriň ýylyň üçünji çärýeginde indiki 3-4 aýda tamamlanmagyna garaşýarys” diýip, TOPH gazgeçiriji kompaniýasynyň ýerine ýetiriji müdiri Muhammetmyrat Amanow Awazadaky konferensiýada aýtdy diýip, Reuters ýazýar.

23-nji maýda Türkmenistan Hazar deňzindäki “Awaza” syýahatçylyk zolagynda IX halkara Gaz kongresini açdy.

Bu halkara cäresinde cykyş eden türkmen remisi ençeme halkara karz beriji guramalary bilen gepleşilendigini aýdyp, Italiýanyň SACR we Fransiýanyň “Hermes”, şeýle-de Gresiýanyň ECIO kompaniýalaryny agzapdyr. Emma eýýäm kepil geçilen pul serişdeleriniň möçberini agzamandyr.

Aşgabat 2015-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistan, Owganystan, Pakistan we Hindistan tarapyndan düýbi tutulan TOPH gazgeçirijiniň gurluşygynyň maliýe üpjünçiliginiň 85% öz üstüne alypdy.

Energiýa howpsuzlygy boýunça analitik John Roberts türkmen tarapynyň TOPH proýektiniň maliýe üpjünçiligi bilen bagly eden soňky beýanatyny kommentirläp, onuň şertlerini bilmegiň zerurdygyny belledi.

Jon Roberts: “Olar elbetde pul bilen bararlar. Agalan şirketler esasan gurallar bilen üpjün ederler. Emma turbanyň fiziki gurluşygynyň maliýe çykdajylaryny iş ýüzünde kimiň paýlaşjagyny bilmek möhüm. Biziň eşidişimize görä, türkmenleriň geçirýän gepleşikleri diňe bir Aziýanyň ösüş fondy bilen çäklenmän, olar Saud Arabystanynyň maliýe institutlary bilen hem gepleşýärler. Saudiler şeýle proýekte gyzyklanarmy? Ýene kim pul berip biler? Men puluň beýleki gatnaşyjylar, ýagny Pakistan bilen Hindistandan barjagyna garaşmaýaryn. Men Hytaýyň hem pul sarp etjegini çak etmeýärin. Şonuň üçin men proýektiň maliýe üpjünçiligine şübheli garaýaryn. Proýektiň fiziki taýdan durmuşa geçirilişi howpsuzlyk taýdan hem uly howp astynda galýar.

​TOPH gazgeçiriji proýektini amala aşyrýan kompaniýanyň ýolbaşçysy Amanowyň proýektiniň maliýe üpjünçiligi barada 23-nji maýda eden çykyşynyň öňüsyrasynda Owganystanda turbanyň geçjek ýerinde minalardan arassalýyş işlerini geçiren topara “Talyban” tarapyndan hüjüm edildi. 21-nji maýda Kandahar regionynyň Maiwand etrabynyň Malang Kariz atly ýerinde minalary ýok edýän “Aims De-mining Company” (AMDC) atly guramanyň azyndan alty sapýory ýaragly toparyň söweşijileri tarapyndan öldürildi.

Reutersyň maglumatyna görä, TOPH-yň maliýe üpjünçiligi barada Awazada çykyş eden türkmen resmisi turbanyň Owganystandaky gurluşygynyň howpsuzlygyny agzamandyr. Şol bir wagtda-da, TOPH proýektiniň sişenbe günki gysga beýanatynda hüjüme garamazdan işleriň dowam etdirilýändiginiň mälim edilendigi maglumatda bellenýär.

Angliýanyň Glasgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça eksperti, professor Luka Ançeski Türkmenistanyň TOPH proýekti barada edýän optimistik çykyşlaryna şübheli garaýandygyny aýtdy.

Luka Ançeski: Bu ýerde bir möhüm mesele meni gyzyklandyrýar. Olar [Türkmenistan] henizem pul gözleýän bolsalar, biz olaryň türkmen sektoryny tamamlandygyna ynanyp bilýärismi? Sebäbi pul gurluşyga başlamazdan ozal gözlenýär. Türkmen döwleti TOPH barada maglumatlara gözegçilik edýär we göz astynda saklap gelýär, şeýlelikde olaryň berýän anyk bolmadyk maglumatlaryny gönüden-göni kabul edip bolmaýar.

Türkmenistan TOPH gazgeçirisiniň öz territoriýasyndan geçýän böleginiň gurluşygyna 2015-nji ýylyň 13 dekabrynda başlapdy. Uzynlygy 214 kilometrlik turbanyň aktiw gurlulýandygy barada diňe 2016-njy ýylyň dowamynda habar berlipdi.

2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda gazgeçirijiniň Owganystandaky böleginiň gurluşygynyň başlanandygy yglan edildi.

Türkmenistanyň Galkynyş (Günorta Ýolöten-Osman) gaz ýatagyndan başlanyp, Pakistanyň Kwetta, Multan şäheriniň üstünden Hindistanyň Fazilka şäherinde tamamlanjak gaz geçirijiniň 744 kilometri Owganystanyň üstünden geçmeli. Onuň gurluşygynyň geçmeli regionlarynyň arasynda Hyrat, Farah, Nimroz, Helmand we Kandagar welaýatlary görkezilýär. Bu regionlaryň ençemesinde häzirki wagtda hökümet güýçleriniň we ýaragly toparlaryň arasynda güýçli söweşler alnyp barylýar, ýerli ilat bosup çykmaga mejbur bolýar.

Türkmenistan dünýä derejesinde gaz zapaslarynyň ululygy boýunça dördünji ýerde durýar, emma gaz eksportynda diňe bir ýurda Hytaýa garaşly bolmagynda galýar. Hytaýyň CNPC kompaniýasy 2017-nji ýylyň noýabrynda TOPH proýektiniň gurluşygy üçin Türkmenistana ýardam bermäge taýýarlyk bildiripdi.

Türkmenistan uzynlygy 1814 kilometrlik TOPH gaz turbasy arkaly ýylda 33 milliard kubometr gaz akdyrmagy göz öňünde tutýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG