Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Bellingcat” Çernogoriýada başa barmadyk agdarylyşyk bilen bagly ikinji rus ofiseriniň adyny mälim etdi


Çernogoriýada agdarylyşyk synanyşygyna gatnaşykda güman edilýänleriň Interpol tarapyndan çap edilen surat, 2016 ý.
Çernogoriýada agdarylyşyk synanyşygyna gatnaşykda güman edilýänleriň Interpol tarapyndan çap edilen surat, 2016 ý.

Derňeýji topar “Bellingcat” bilen Orsýetiň “The Insider” websaýty 2016-njy ýylda Çernogoriýada döwleti agdarmaga edilen synanyşyga gatnaşan Orsýetiň harby aňtaw gullugy GRU-nyň ikinji ofiseriniň kimdigini anyklandyklaryny aýdýarlar.

Çernogoriýanyň häkimiýetleri GRU-nyň iki ofiserini bu ýurduň NATO ýaranlygyna goşulmagynyň öňüni almak maksady bilen başa barmadyk döwlet agdarlyşygyny gurnanlykda aýyplapdylar.

Çernogoriýanyň harby ýaranlyga goşulmak üçin eden synanyşygyna garşy çykan Moskwa bolsa bu aýdylýanlary ret edipdi. Çernogoriýa iýun aýynda NATO ýaranlygyna goşuldy.

Ozal GRU-nyň güman edilýän birinji ofiseriniň Eduard Şişmakowdygyny aýdan “Bellingcat” bilen “Insider” 22-nji noýabrda güman edilýän ikinji ofiseriň hem kimdigini anyklandyklaryny, onuň adynyň Wladimir Moýseewdigini aýtdylar.

Çernogoriýanyň prokurorlary onuň gizlin lakamynyň Wladimir Popowdygyny ozaldan bilýän eken.

“Bellingcat” bilen “Insider” saýtynyň maglumatyna görä, GRU Moýseewi 2000-nji ýyllaryň ortalarynda Sibirde, Týumende harby inženerleri ýetişdirýan bir akademiýada okaýarka işe alypdyr.

Soňra onuň howada saklanýan Spetsnaz birleşiginde işländigine ynanylýar. Spetsnaz 2008-nji ýylda Orsýet bilen Gürjüstanyň arasynda bolan uruşda separtistik regionlar Günorta Ossetiýa bilen Abhazystanda alnyp barlan operasiýalar gatnaşypdy.

Aýdylyşyna görä, 2012-nji bilen 2016-njy ýyllaryň aralygynda “Wladimir Popow” diýen gizlin kimligi bilen iş alyp baran Moýseew Ýewropa ýurtlaryna aýlanyp, özüni “foto žurnalist” we ätiýaçlandyryş senagatyna gönükdirilen bir neşiriň “žurnalisti” diýip görkezipdir.

Çernogoriýa öten ýyl NATO-nyň 29-njy agzasy boldy. Orsýet tarapyndan ýiti tankytlanan bu göçüme Moskwa bilen ýakyn gatnyşklaryň tarapyny çalýan käbir çernogoriýalylyar hem garşy çykdylar

Çernogoriýanyň häkimiýetleri ýurduň NATO ýaranlygyna goşulmagynyň öňüni almak maksady bilen serb we ors milletçileriniň 2016-njy ýylda geçen parlament saýlawlarynda parlamenti eýeläp, şol wagtky premýer-ministr Milo Djukanowiçi öldürip, orsýetçi liderleri iş başyna getirmek üçin dil düwşendiklerini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG