Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp: Saýlawdan bäri biz $11.7 trillion topladyk, Hytaý köp ýitgi çekdi


Interview: Trump On Russia, Ukraine, Brexit
please wait

No media source currently available

0:00 0:11:00 0:00

Interview: Trump On Russia, Ukraine, Brexit

Prezident Donald Tramp Buenos Aýresde, Argentinada, G20 toparynyň sammitiniň geçýän ýerinde “Amerikanyň Sesiniň” (VOA) žurnalisti Greta Van Susteren bilen söhbetdeş boldy.

Orsýetiň serhet goragçylary ukrain gämilerini oka tutup, ukrain deňizçilerini tussag edenlerinden soň, Tramp Putin bilen Argentinada geçiriljek sammit mahalynda öňünden planlaşdyrylan duşuşygyny goýbolsun etdi. Ol bu barada berlen soraga jogap berip, özüniň rus prezidenti Wladimir Putin bilen “örän gowy gatnaşygynyň” bardygyny, onuň bilen başga bir wagtda, gabady gelende duşuşjakdygyny aýtdy.

Biz bu söhbetdeşligiň terjimesini gysgaldyp çap edýäris.​

Tramp Putin bilen 'başga wagtda' duşuşaryn diýýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:44 0:00

Sorag: “Jenap prezident, biz şu ýerde, Argentinada we Birleşen Ştatlar, Kanada we Meksika NAFTA-ny täzeläp, täze söwda şertnamasyna gol çekdi”

Prezident Donald Tramp: “Bu dogry.”

Sorag: “2020-nji ýylda siz bilen bäsleşige çykmagy mümkin bolan senator Elizabeth Warren Birleşen Ştatlarda munuň ýeterlik uzaga gitmeýändigini aýdýar. Siz muňa näme diýersiňiz?”

Tramp: “Hawa, oň ýaly birine tankyt etmek aňsat, sebäbi siz bilýärsiňiz, belki-de ol bäsleşige çykar, belki-de çykmaz. Men ol ýerli amerikan bolmak gürrüňlerinden soň, bu wagta öz mümkinçiligini ýitirendir diýip pikir etdim. Men hakykatdanam ol öz mümkinçiligini ýitirendir diýip çakladym, emma men muny islendik ylalaşyk babatda-da aýdyp bilerin. Sen islendik ylalaşygy gazan, men “Heý, ýeterlik uzaga gitmediň” diýip bilerin. Bu ylalaşyk NAFTA-dan has gowy. Bu Birleşen Ştatlar üçin beýik ylalaşyk. Bu biziň hakykatdan hem gowy görýän ylalaşygymyz. Biz bu barada ajaýyp synlary aldyk we men göni manysynda aýdyp biljek, men ony hiç bir adamyň ýepbeklänini eşitmedim. Olar muny hakykatdanam gowy gördüler. Indi beýleki ýurtlar barada, eger-de sen az-owlak ýepbekleme hakynda gürrüň edýän bolsaň, olar biraz urgy aldylar, emma men olar hem gowy ylalaşyk baglaşdy diýip oýlanýaryn. Bu üç ýurt üçin hem beýik ylalaşyk”.

Sorag: “Indi onuň bir bölegi awtoulag işçilerine, awtoulag ätiýaçlyklaryna hem dahylly bolar. Eýsem bu belli bir derejede Birleşen Ştatlaryň GM zawodlaryny ýapmak we 14 müň iş ornuny ýitirmek bilen bagly meseleleriniň haýsam bolsa anyk birlerini çözmäge ýardam berermi?”

Tramp: “Hawa, bu şeýle bolar, ýöne diňe bu hem däl. Bu ylalaşyk awtoulag kompaniýalaryny göçmekden saklar. Hakyky islenilýän zatlaryň biri zawodlar we kompaniýalar, umuman aýdylanda, men iş orunlaryny, fabrikleri nazarda tutýaryn. Men olaryň Birleşen Ştatlary terk etmeklerini islemeýärin. Bu meniň üçin örän wajyp we özem biz Birleşen Ştatlary terk etmeýäris. Şeýlelikde, men täze – men ony ABŞMK diýip atlandyrýaryn,ylalaşygyň iň güýçli elementleriniň biri, hakykatdanam iň möhüm zatlaryň biri – şertnama gol çekilenden soň siz kompaniýalaryň ýurtdan gidişini görmersiňiz diýip pikir edýärin.Biz indi munuň kongresden geçmegini gazanmaly, eger biz şondan hem geçirip bilsek, meniňçe, muny hem ederis, bu ajaýyp bolar. Eger bu bolmasa, biz häzirki ýagdaýdan hem örän hoşal”.

Sorag: “G20 topary diýmek dünýä ykdysadyýeti diýmek. Eger siz biraz yza çekilip, Ýer togalagyna seretseňiz, ýakyn geljekde dünýä ykdysadyýetine abanýan iň uly howp, hakyky howp hökmünde nämeleri görýärsiňiz?”

Tramp: “Hawa, bu ýerde howp-hatar kän, emma Birleşen Ştatlar köp sanly dürli ýurtlar tarapyndan aldanyp, ütülip geldi. Men size Hytaý bizi 25 ýyllap ütüp geldi diýemde, hiç bir syr açmaýaryn...”

Sorag: “Siz muny maňa köp ýyllardan bäri, hatda prezidentlige kandidat bolmazyňyzdan hem öň aýdyp gelýärsiňiz.”

Trump: “Men muny uzak wagt bäri aýdyp gelýärin. Men baryp ýaş gurujy wagtymda hem muny size we başgalara aýdýardym. Men indi bu barada uzak wagtdan bäri gürrüň edip gelýänimi nazarda tutýaryn. Ýaponiýa, men Ýaponiýany ulanýardym.Emma indi bu ýerde Ýaponiýa biraz kemterräk gelýär, emma Ýaponiýa hem örän işjeň. Ýöne bu tas hemmeler. Hamala, olaryň gepleşik geçirmek, söwda etmek, ylalaşyklary baglaşmak üçin edýän zatlaryny hiç kim bilmeýän ýalydy. Biziň söwda defisitimiz tasdan 80 milliard dollar we men indi bu ýagdaýy üýtgedýärin. Biz ABŞMK-dan, NAFTA-nyň ýerine baglaşylan ylalaşykdan başlaýarys. Biz ýaňy-ýakynda Günorta Koreýa bilen ajaýyp ylalaşyk baglaşdyk we, meniňçe, basym bu ugurda örän uly üýtgeşmeler bolar. Biz Ýewropa Bileleşigi bilen hem gürleşýäris. Bu Birleşen Ştatlar babatynda ýowuzlyk boldy we, siziň bilşiňiz ýaly, Hytaýyň prezidenti Si bilen biz ýene nahar başynda duşuşýarys we mundan nähilem bolsa bir gowulyk çykyp biler.”

Sorag: “Siziň aýdyşyňyzdan, öz sözleriňizi ulansak, Hytaý Birleşen Ştatlary ütüp gelen ýurtlaryň biri, Hytaýyň aýak yzlary bütin dünýä boýunça gerimini giňeldýär, olar eýýäm Demirgazyk Afrika bardylar, Pakistanda ägirt uly port gurýarlar, olaryň Panamada we Latyn Amerikasynda örän uly şertnamalary, maýa ýatyrmak ylalaşyklary bar. Ýagny olar, geografiýa taýdan, Birleşen Ştatlara örän golaýlaýana çalym edýär. Siz Hytaýyň strategiki maksatlaryna ynanýarsyňyzmy? Siz biraz alada galmaýarsyňyzmy?”

Tramp: “Meniňçe, meniň baglaşýan ylalaşyklarym sebäpli, olar häzir özlerinde bar bolan puldan az pul edinerler, özem siz edil häzir bizdäki 250 milliard dollara seretseňiz, bu 25%. Bu biziň milliardlarça we milliardlarça dollary alýandygymyzy aňladýar. Üstesine, men muny ýene iki esse köpelderin we soňýene-de iki esse artdyraryn, şondan soň olar mundan öň ozalky prezidentler bilen eden işlerini hiç wagt edip bilmezler, sebäbi - siz Hytaýa näme bolýandygyny görýärsiňiz.

Men muny etmek islemeýärin, emma olaryň ýagdaýlary, ozalkylary bilen deňeşdirilende, beýle gowy däl. Emma, gaýtalap aýdýaryn, men biziň ýagdaýymyz gowulaşýar diýip pikir edýärin. Men saýlanalym bäri biz 11.7 trillion dollar çemesi serişde topladyk, Hytaý bolsa uly möçberde baýlygyny ýitirdi. Muny köp adam bilmeýär, emma biz Hytaýdan has uly, hakykatdanam has kuwwatly ykdysadyýet.”

Sorag: “Emma milli howpsuzlyk nukdaý nazaryndan, siz bilýärsiňiz, Latyn Amerikasynda we dünýäniň beýleki ýerlerinde ýatyran maýalary bilen, olar dünýäniň hemme ýerine aýak basýanaçalym edýär.”

Tramp: “Men bilýärin, emma olaryň bergi-borç problemasy bar we olar bu bergileri yzyna tölemeli Bu olaryň harçlaýan pullarynyň ägirt uly bölegini düzýär. Men muny gowy görýärinmi? Elbetde, ýok, emma men munuň olara örän gymmat düşýändigini hem bilýärin. Onsoň ol ýerleriň köpüsinden netije çykmaz.”

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG